Müsüriň “Talaat Moustafa Group” kompaniýasy Kairiň golaýynda bahasy 27 milliard dollara barabar bolan täze şäher taslamasyny hödürledi. “The Spine” diýlip atlandyrylýan bu ägirt uly taslama 2 million inedördül metrden gowrak meýdany tutup, öz içine 165 sany ýaşaýyş, işewürlik we söwda binalaryny alar. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen 155 müňden gowrak täze iş ornunyň döredilmegine we her ýyl on millionlarça syýahatçynyň çekilmegine garaşylýar. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Hişam Talaat Mustafanyň aýtmagyna görä, gurluşygyň takyk möhletleri entek kesgitlenilmese-de, bu başlangyç ýurduň ykdysadyýetini ösdürmekde möhüm ädim bolar.
Bu taslama Pars aýlagynyň ýurtlaryndan gelýän maýa goýumlaryň hasabyna Müsürde durmuşa geçirilýän iri taslamalaryň dowamydyr. Mundan ozal Birleşen Arap Emirlikleri tarapyndan 35 milliard dollar maýa goýlan “Ras-el-Hekma” dynç alyş zolagy hem şuňa meňzeş hyzmatdaşlygyň netijesidir. Müsür soňky on ýyllygyň dowamynda öz düzümini döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns berýär. Bu ugurdaky iň uly işleriň biri hem Kairden 45 kilometr gündogarda gurluşygy 2017-nji ýyldan bäri işjeň dowam edýän täze dolandyryş paýtagtydyr.
Täze şäherleriň gurluşygy ilkinji nobatda Kairiň ilatynyň gürlügini azaltmaga gönükdirilendir. Çaklamalara görä, 2050-nji ýyla çenli Kairiň ilaty 18 milliondan 40 milliona ýetip biler. Şol sebäpli hem hökümet täze dolandyryş merkezini döretmek arkaly Kairi ýükden boşatmagy we şol bir wagtyň özünde täze işewürlik hem-de syýahatçylyk zolaklarynyň hasabyna ýurduň maliýe kuwwatyny artdyrmagy meýilleşdirýär. Taslama doly tamamlanandan soň, bu täze şäheriň 7 million töweregi ilaty bolan iri dolandyryş we maliýe merkezine öwrülmegine garaşylýar.
PDF









