Ýewropa Komissiýasy we “Europa Nostra” guramasy tarapyndan berilýän “Ýewropanyň medeni mirasy — 2026” baýragyna 18 ýurtdan 30-a golaý taslama laýyk görüldi. Bu abraýly baýragyň gowşurylyş dabarasy şu ýylyň 28-nji maýynda Kipriň Nikosiýa şäherinde geçiriler. Ýeňijiler medeni mirasy gorap saklamak, ylmy barlaglar, bilim we jemgyýetiň habarlylygyny ýokarlandyrmak ýaly bäş ugur boýunça saýlandy.
Ýewropa komissary Glenn Mikallef bu taslamalaryň emeli aň arkaly töwekgelçilikleriň öňüni almakdan başlap, gurluşygyň adaty usullaryna çenli giň gerimi öz içine alýandygyny belläp, medeni mirasyň diňe bir geçmiş däl-de, eýsem, ösüşiň janly güýjüdigini nygtady. “Europa Nostra” guramasynyň başlygy Çeçiliýa Bartoli bolsa häzirki geosyýasy dartgynlylyk döwründe adamlary birleşdirýän gymmatlyklary goramagyň has-da möhümdigini aýtdy.
Baýraga mynasyp bolan taslamalaryň hatarynda Italiýanyň Bolonýa şäherindäki köne demir ýol menzilini medeni merkeze öwüren “DumBO”, Kipriň adaty sazandalarynyň taryhyny senede geçiren “Cypriot Fiddler” we Çernogoriýanyň gadymy “dobrot” keşdeçilik sungatyny dikelden “Pacijenca” ýaly işler bar. Şeýle-de, Fransiýa we Belgiýanyň Birinji jahan urşunyň front liniýasynda döreden “Parahatçylyk baglary” hem-de Maltanyň 1965-nji ýyldan bäri milli mirasyny goraýan Milli fondy iň oňat taslamalaryň hataryna girdi. Habarda bellenilişi ýaly, 12-nji maýa çenli dowam etjek onlaýn ses berlişigi arkaly “Jemgyýetiň saýlawy – 2026” baýragynyň ýeňijisi hem kesgitlener.