Käbir adam uklap ýatyrka öz-özi bilen gepleşýär ýa-da töweregindäkileriň adyny tutup, bir zatlar samraýar. Hatda ukuda gepläninde duýgularyny beýan edip, gülüp ýa-da aglap hem bilýär. Emma oýananda näme bolandygyny ýa-da näme diýenini ýadyna salyp bilmeýär. Eýsem, uklap ýatyrkaň geplemegiň sebäpleri näme?
Uklap ýatyrkaň geplemek «somniloquy» diýlip atlandyrylýan parazomniýanyň (uky bozulmasy) bir görnüşidir. Ýatyrkaň geplemek ukynyň islendik wagtynda ýüze çykyp biler. Adam uklap ýatyrka edil huşundaky ýaly sözlemleri ýerbe-ýer we doly aýdyp bilýär. Käte bolsa düşnüksiz bolan başga dilde ýa-da başga ses äheňinde hem käbir zatlary aýdyp bilýär.
Hünärmenleriň bellemegine görä, ukuda geplemek zyýanly hasaplanýar. Häzirlikçe bu ýagdaýyň näme sebäpden ýüze çykýandygy anyk kesgitlenilmedi. Ýöne bellenilişine görä, bu ýagdaý beýniniň işi bilen baglanyşyklydyr. Mundan başga-da, bu ýagdaýyň dem alyş ulgamy we stres bilen bagly bolmagynyň ähtimaldygy aýdylýar.
Hünärmenler ukuda ýatan adamlaryň gepleşigini üç topara bölýärler. Iň köp ýaýran görnüşde ukudaky adam gygyrýar, iňňildeýär ýa-da birnäçe gysga we manysyz sözleri aýdýar. Seýrek duş gelýän beýleki görnüşde uklap ýatan adam sazlaşykly sözlemleri aýdyp, uzak wagtlap gepleýär. Bu daşyndan göräýmäge, oýa ýatan adamyň kadaly gepleýşi ýaly görünýär. Başga bir görnüşde has seýrek duş gelýän ýagdaý bolup geçýär. Ukudaky adam birnäçe minutlap çalt we yzygiderli gepleýär. Muňa başgaça, logoreýa diýilýär.
Ýatyş tertibi ýa-da düýş görmek bilen baglymy?
Uklap ýatyrkaň geplemek ýa-da gygyrmak düýş görmek bilen birmeňzeş däl. Düýşdäki wakalar ukynyň belli bir aralygynda ýüze çykýar. Emma geplemek uzak wagtlap ýa-da üzlem-saplam dowam edýändigi bilen tapawutlanýar.
Nädip öňüni almaly?
Hünärmenleriň bellemegine görä, ukuda gepleýän adamlar stresden, dartgynly ýagdaýlardan gaça durmaly. Şeýle hem gün tertibini kadaly ýöredip, her gün şol bir wagtda we şol bir aralykda uklamaga çalyşmaly. Köplenç ýadawlyk, uzak wagtlap derman serişdelerini içmek we zyýanly endikler hem ukynyň hiliniň peselmegine sebäp bolýar. Uklap ýatyrkaň geplemegiň öňüni almak üçin ýatmazdan öň elektron enjamlardan uzaklaşmaly, ýatylýan otagy ýelejiretmeli, özüňe oňaýly bolan düşek we ýassyk saýlamaly. Şeýle hem kadaly uklamak üçin ýatylýan otagyň sessiz we garaňky bolmagyny üpjün etmeli.