Um­man­lar we de­ňiz­ler su­was­ty gö­zel­lik­le­ri hem-de dür­li gör­nüş­li jan­dar­la­ry bi­len tä­sin dün­ýä­ni eme­le ge­tir­ýär. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, de­ňiz­ler­de jan­dar­la­ryň 260 müň­den gow­rak gör­nü­şi ýa­şa­ýar. Bu jan­dar­la­ryň kö­pü­si su­wuň ýü­zün­de, ýo­kar­ky akym­la­ryn­da duş gel­ýän bol­sa, kä­bir de­ňiz jan­da­ry­ny gör­mek üçin su­wuň bir­nä­çe ki­lo­metr düý­bü­ne git­me­li bol­ýar. De­ňiz­le­riň müň­ler­çe metr aşa­gyn­da daş­ky gör­nü­şi bi­len gö­ren­le­ri haý­ran gal­dyr­ýan jan­dar­lar hem bar. Ge­liň, tä­sin de­ňiz jan­dar­la­ry­nyň kä­bi­ri bi­len ta­nyş bo­la­lyň!
Ýyr­ty­jy moll­ýusk. De­ňiz­le­riň düý­bün­de ýa­şa­ýan seý­rek duş gel­ýän jan­dar­la­ryň bi­ri hem ýyr­ty­jy moll­ýusk­dyr. Bu jan­da­ryň yl­my ady «Vam­py­ro­te­ut­his in­fer­na­lis» bo­lup, ne ýyr­ty­jy, ne-de moll­ýusk di­ýen ma­ny­ny ber­ýär. Ýel­pe­wa­ja meň­zeş ag­zy bo­lan iki gu­lak­ly, ul­la­kan göz­li bu tä­sin jan­dar plank­ton, su­wo­ty we or­ga­ni­ki ga­lyn­dy­lar bi­len iý­mit­len­ýär. 1903-nji ýyl­da yl­my taý­dan köp­çü­li­ge mä­lim edi­len bu de­ňiz jan­da­ry ýal­pyl­da­wuk şep­bik bö­lüp çy­ka­ryp, duş­man­la­ryn­dan go­ran­ýar.
Dam­bo os­mi­nog. Dis­ne­ýiň meş­hur ani­ma­si­ýa­sy Dam­bo pil­ja­ga­za meň­ze­ýän se­kiz aýak­ly os­mi­nog um­man­la­ryň iň çuň ýe­rin­de ýa­şa­ýar. 2019-njy ýyl­da Hindi um­ma­ny­nyň Ýa­wa (Sunda) çöketliginden 7 ki­lo­metr çuň­luk­da ha­sa­ba al­nan bu de­ňiz jan­da­ry gur­çuk, mi­di­ýa we ow­nuk de­ňiz jan­dar­la­ry bi­len iý­mit­len­ýär.
Ýal­pyl­dawuk ulit­ka. «De­ňiz şar­la­wu­gy» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan tä­sin de­ňiz ulit­ka­sy ösüm­lik­ler ýa­ly özü­ni fo­to­sin­tez ed­ýär. Ow­nu­jak de­ňiz ot­la­ry bi­len iý­mit­len­ýän bu jan­dar iý­ýän ösüm­lik­le­rin­den hlo­rop­last­la­ry (fo­to­sin­tez dö­red­ýän or­gan) aýyr­ýar we ola­ry öz be­de­nin­de bir­leş­dir­ýär. Şeý­le­lik bi­len, ýal­pyl­da­wuk de­ňiz ulit­ka­sy Gün ener­gi­ýa­sy­ny hi­mi­ki ener­gi­ýa öwür­mek bi­len ýa­şa­ma­gy­ny do­wam ed­ýär. Bio­lo­gik gur­lu­şy taý­dan seý­rek duş gel­ýän bu jan­dar alym­la­ryň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär.
De­ňiz ke­be­le­gi. Daşky gör­nü­şi er­te­ki­ler­dä­ki pe­riş­de­le­re meň­ze­ýän de­ňiz ke­be­le­gi (gym­no­so­ma­ta) ýyr­ty­jy de­ňiz jan­dar­la­ry­nyň bir gör­nü­şi­dir. Bu jan­dar myş­sa­lar­dan eme­le ge­len ga­nat­la­ry­nyň kö­me­gi bi­len ýü­züp bil­ýär. Maň­la­ýyn­da iki sa­ny şa­hy bo­lan de­ňiz ke­be­le­gi­ne baş­ga­ça, de­ňiz pe­riş­de­si hem di­ýil­ýär.
«Gül­li şlýa­pa» me­du­za­sy. Ýa­po­ni­ýa­nyň, Bra­zi­li­ýa­nyň we Ar­gen­ti­na­nyň ke­nar­la­ryn­da duş gelýän bu reňk­li me­du­za gap­dal­la­ry se­çek­li ça­dy­ra meň­zeş açyk göw­re­si bi­len ba­lyk­la­ry ga­pa­na dü­şür­ýär. Owa­dan reňk­li bu de­ňiz jan­dar­la­ry her ýyl ho­wa­nyň maý­lap, su­wuň ýy­la­ma­gy bi­len has-da kö­pel­ýär.