(Tymsal)
Güýz paslynda günleriň bir güni otuň ýapragy agajyň ýapragyna şeýle diýipdir:
– Aşak gaçýan mahalyň gopgun baryny turzup, meniň bütin gyşky ukymy bozýarsyň.
Güýz ýapragy rahatlygy bozmazdan şeýle jogap beripdir:
– Eý, nalajedeýin haşal ot! Sen ýokarda ýaşamaýandygyň üçin, hoş owaz bilen nagma kakmagyň nämedigini bilmeýärsiň.
Şol wagt güýz ýapragy ýere düşüp, uka gidipdir. Bahar gelende bolsa, otuň ýapragy bolup ukudan oýanypdyr.
Aýlar-günler geçip ýene-de güýz gelipdir. Özüni gyş ukusy gaplap alan otuň ýapragy ýokardan dökülýän agajyň ýapraklaryna öz ýanyndan şeýle diýipdir:
– Ah, güýz ýapraklary! Bular şagyrdaşyp gopgun baryny turuzýarlar. Olar meniň bütin gyşky ukymy bozýarlar…
Hakyky düşünje diňe şahsy tejribeler we durmuşyň özgermegi arkaly kemala gelýär. Siz beýlekileri olaryň ornuna geçmezden öň ýazgarmaň. «Gülme goňşyňa, geler başyňa» diýlişi ýaly, bilmeýän we düşünmeýän zadyňy tankytlamaly däl. Sebäbi şu günki tankydyňa ertirki gün özüň hem uçrap bilersiň. Günleriň bir güni durmuş siziň başyňyza hem şol ýagdaýy getirip biler.
PDF









