Oýlap tapyşlar siziň başarnyklaryňyzy artdyrmak bilen bir hatarda, täzeçe taslamalary işläp düzmäge höweslendirer. Ýagny pikiriňizdäki haýsydyr bir zady ýasap, ony tejribe arkaly synagdan geçirip bilersiňiz. Bu usul siziň geljekde meşhur ynsanlar bolup ýetişmegiňizdäki ilkinji ädimlerdir. Çagalykdan el hereketlerini kämilleşdirmegi endik ediniň! Bu siziň özüňize bolan ynamyňyzy has-da artdyryp, «Men muny başarýan» duýgusy dörär. Bilermenleriň bellemeklerine görä, çagalar taýýar oýnawaçlara görä, özleriniň ýasan oýnawaçlaryna has uly ähmiýet berýärler. Gazetimiziň şu sanynda şar bilen hereket edýän awtoulagyň ýasalyşyny siziň dykgatyňyza ýetirýäris.
Şar bilen hereket edýän awtoulagyň ýasalyşy ýönekeý bolup, gaty gyzykly güýmenjeleriň biridir. Bu oýnawajy ýasamak üçin bize plastik gap,
4 sany gapajyk, orta ululykdaky şar, 2 sany göni çöpjagaz (taýajyk), içi boş turbajyklar, gaýçy, gysgyç, ýelimli lenta (skoç) ýa-da rezin ýüpjagazlar gerek.
Geliň, onda oýnawajy ýasamaga girişeliň! Ilki bilen plastik gabyň orta bilinden biraz aşagrakdan deň aralygy ölçäp, keseligine çöpjagazlary (turbajyk) geçirmeli. Munuň üçin bize metal deşiji enjam gerek bolup biler. Ýöne bu enjamy seresaply ulanmagy ýatdan çykarmaň! Soňra gapajyklaryň merkezini deşip, plastik gapdan geçirilen daşy turbajykly çöpjagazlaryň ujuna berkitmeli. Görşümiz ýaly, ulagymyzyň tigirleri taýyn boldy.
Soňra dik ýokarsyndan içi boş turbajygy geçirip, ony plastik gabyň gapagyndan çykarmaly. Turbajygyň ýokarky ujuna şary berkitmeli. Munuň üçin rezin ýüpjagazlardan ýa-da ýelimli lentadan peýdalanmaly. Soňra turbajyk arkaly şary çişirip, agzyny gysgyç bilen ýapyň! Ine, awtoulag oýnawajymyz taýýar boldy. Ony tekiz ýerde goýup, gysgyjyny aýryň hem-de awtoulagyňyzyň özboluşly hereketini synlap, lezzet alyň! Şaryň içindäki howa hereketlenmäni üpjün edip, oýnawajyňyz saklanansoň, ýene-de şary çişirip, awtoulagyň ýöremegi üçin bu amaly birnäçe gezek gaýtalap bilersiňiz. Awtoulag oýnawajyny ýasaýarkaňyz ulular bilen maslahatlaşmagy, olaryň kömeginden peýdalanmagy ýadyňyzdan çykarmaň!