Home Blog Page 1327

Sportuň taryhynda şu gün – 18-nji sentýabr

1949 – Angliýaly futbolçy, meşhur derwezeçi Piter Şilton dünýä inýär.

1961 – Demirgazyk, Merkezi Amerika hem-de Karibleriň futbol assosiasiýalar bileleşigi KONKAKAF esaslandyrylýar.

1971 – Amerikaly welosportçy Lans Armstrong dünýä inýär.

1973 – Braziliýaly futbolçy Mario Žardel dünýä inýär.

1973 – Ispaniýaly futbolçy Aitor Karanka dünýä inýär.

1974 – Angliýaly futbolçy Sol Kampbell dünýä inýär.

1998 – Amerikaly futbolçy Kristian Pulişiç dünýä inýär.

Ilkinji ýerli ulagyny öndürdi

Owganystanda bir kompaniýa ilkinji elektroulagyň önümçiligini ýola goýdy. Ulagyň 80 göteriminiň bu ýurtda işlenip düzülendigi mälim edildi. Daşky gurşaw üçin zyýansyz hasap edilýän elektrik energiýasy bilen işleýän ulagyň ýük, ýolagçy we beýleki maksatlar üçin niýetlenen jemi 11 görnüşi bar. Ulagyň bahasynyň 1200-2500 dollar aralygynda üýteýändigi mälim edildi. Ulagyň hereketlendirijisi, tigirleri we aýnasy import edilýär. Geljek ýyllarda bularyň hem ýurtda öndürilmegi maksat edinilýär. Önümçilik desgasynda häzire çenli 200 ulag öndürilipdir.   

Täze “Super Mario” filmi çykarylar

“Nintendo” kompaniýasynyň döreden “Super Mario” oýny birnäçe ýyllap iň halanýan wideooýunlaryň biri bolupdy. Kompaniýa bu oýnuň filminiň dörediljekdigini mälim etdi. 2022-nji ýylda prokata çykjak filmi “Minionlar” animasiýasyny döreden “Illumination Entertainment” taýýarlar. Entek filmde çykyş etjek aktýorlar we personažlar barada maglumat berilmedi. Muňa garamazdan, “Nintendo” taslamanyň bolmalysy ýaly dowam edýändigini belleýär. Täze filmiň dolulygyna kompýuterde döredilen sanly film däl-de, hakyky aktýorlaryň kompýuterde döredilen personažlar bilen bilelikde “keşp janlandyran” filmi boljakdygy aýdylýar. Ýeri gelende aýtsak, 1993-nji ýylda “Super Mario Bros” atly film prokata çykypdy. Emma ol film o diýen şowly bolmandy.

Sportuň taryhynda şu gün – 17-nji sentýabr

1948 – Amerikaly basketbolçy, belli tälimçi Fil Jekson dünýä inýär.

1968 – Ispaniýaly merhum tälimçi Tito Wilanowa dünýä inýär.

1974 – Amerikaly basketbolçy Raşid Wollas dünýä inýär.

1975 – Amerikaly sürüji, NASKAR-yň 7 gezek çempiony Jimmi Jonson dünýä inýär.

1985 – Russiýaly hokkeýçi Aleksandr Oweçkin dünýä inýär.

1985 – Çehiýaly tennisçi Tomas Berdyh dünýä inýär.

1988 – Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seulda geçirilen XXIV tomusky Olimpiýa oýunlary tamamlanýar.

“PlayStation 5” noýabrda satuwa çykarylar

“Sony” kompaniýasy “PlayStation 5” oýun konsolynyň bahasyny mälim etdi. 19-njy noýabrda bütindünýäde elýeter boljak PS5-iň internet oýunlary üçin niýetlenen görnüşi 400 dollardan, CD oýunlaryna niýetlenen görnüşi bolsa, 500 dollardan satuwa çykarylar.

Täze oýun konsoly bilen bilelikde “Devil May Cry 5 Special Edition”, “Final Fantasy XVI”, “Five Nights at Freddy’s Security Breach”, “Hogwarts Legacy”, “New God of War title” atly täze oýunlar hem PS muşdaklaryna hödürlener. Şeýle hem “Marvel’s Spider-Man: Miles Morales”, “Call of Duty Black Ops: Cold War” we “Demon’s Souls” oýunlary bilen “PlayStation 5”-iň oýun ýygyndysy güýçlendiriler.    

Türkmen hünärmenleri BSGG-niň bilermenleri bilen onlaýn geňeşmeleri geçirdiler

16-njy sentýabrda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) bilermenleriniň agyr ýiti ýokançly keselli adamlary kliniki usul bilen barlamak boýunça geňeşmeleri geçirildi.

BSGG-niň Ženewada ýerleşen edarasy tarapyndan guralan onlaýn-duşuşyk dünýäde aýratyn howply ýokanç keselleriniň ýaýramagy bilen baglylykda türkmen hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Ýurdumyzyň lukmanlary döwletimiziň çäginde koronawirus we beýleki howply ýokançlaryň peýda bolmagynyň hem-de ýaýramagynyň öňüni almak boýunça toplan tejribesini paýlaşyp, barlaghana anyklaýyş, epidemiologiýa gözegçilik we keselleriň öňüni almak boýunça geçirilen çäreler barada gürrüň berdiler.

BSGG-niň bilermenleri ilatyň saglygyny goramagyň ähli ugurlary boýunça geçirilýän giň gerimli toplumlaýyn işlere ýokary baha berip, jemgyýetiň saglygyny goramak hem-de ylmy diplomatiýanyň gurallaryny işjeň ulanmak babatda halkara bileleşigini täze wehimlere garşy göreşmekde tagallalary birleşdirmäge çagyrdy.

Duşuşygyň dowamynda dürli keselleriň ýaýramak töwekgelçiligini peseltmek üçin öňüni alyş çäreleriniň kämilleşdirilmeginiň milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde we kämilleşdirmekde uly orun eýeleýän BSGG-niň maslahatlaryny we tekliplerini nazara almak bilen geçirilýändigini belledi.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň geljekde hem Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlyga taýýardygy, şol sanda howply ýokanç keselleriniň öňüni almak we bejermek babatda dessin maglumatlary, toplanan tejribäni hem-de bilimleri alyşmak üçin ýakyn gatnaşyklary ýola goýmagyň hasabyna taýýardygyny nygtady.

UEFA Çempionlar ligasynda 3-nji saýlama tapgyrynda garaşylmadyk netijeler

UEFA Çempionlar ligasynda 3-nji saýlama tapgyrynyň duşuşyklary oýnaldy. 1 oýun esasynda geçirilen duşuşyklardan soň, garşydaşlaryna garanyňda, güýçli hasaplanýan käbir klublaryň ýeňlip ýaryşdan çykmagy bilermenleri geň galdyrdy. Portugaliýanyň güýçli klublaryndan “Benfika” myhmançylykda PAOK-dan 2-1 hasabynda asgyn geldi (Jiannulis 63, Ziwkowiç 75 – Rafa 90+4). Edil şonuň ýaly hasap bilen “Gent”–“Rapid Wien” duşuşygy-da belgiýalylaryň peýdasyna tamamlandy. Kiýewiň Dinamosy öz meýdançasynda “AZ Alkmaardan” Rodriges we Şaparenkonyň gollary bilen 2-0 üstün çykdy. Tapgyryň garaşylmadyk netijeleriniň ýene biri Daniýanyň “Midtýullann” topary bilen Şweýsariýanyň “Ýang Boýz” klubunyň arasynda bolup geçdi. Ýer eýeleri 3-0 hasabynda ýeňiş gazanyp, pleý-off tapgyrynda çykyş etmäge ygtyýar aldy. Ýeňijini 11 metrlik jerime urgularynyň kesgitlän duşuşyklarynda “Garabag” “Moldeden”, “Srwena Zwezda” bolsa “Omoniýadan” asgyn geldi. Bu tapgyrda utulan toparlar Ýewropa ligasynda çykyş ederler.

3-nji saýlama tapgyrynyň netijeleri:

“Ferençwaroş” (Wengriýa) – “Dinamo Zagreb” (Horwatiýa): 2-1

“Garabag” (Azerbaýjan) – “Molde” (Norwegiýa): 0-0 (5-6 p)

“Omoniýa” (Kipr) – “Srwena Zwezda” (Serbiýa): 1-1 (4-2 p)

“Midtýullann” (Daniýa) – “Ýang Boýz” (Şweýsariýa): 3-0

“Makkabi T. Awiw” (Ysraýyl) – “Dinamo Brest” (Belarus): 1-0

PAOK (Gresiýa) – “Benfika” (Portugaliýa): 2-1

“Dinamo Kiýew” (Ukraina) – “AZ Alkmaar” (Niderlandlar): 2-0

“Gent” (Belgiýa) – “Rapid Wien” (Awstriýa): 2-1

Pleýoff tapgyrynyň duşuşyklary (22-23-nji hem-de 29-30-njy sentýabr):

“Slawiýa Praga” (Çehiýa) – “Midtýullann” (Daniýa)

“Makkabi T. Awiw” (Ysraýyl) – “Red Bull Salsburg” (Awstriýa)

“Olimpiakos” (Gresiýa) – “Omoniýa” (Kipr)

“Molde” (Norwegiýa) – “Ferençwaroş” (Wengriýa)

“Krasnodar” (Russiýa) – PAOK (Gresiýa)

“Gent” (Belgiýa) – “Dinamo Kiýew” (Ukraina)

Popuň ýyldyzy özi barada film surata düşürer

Dünýä belli pop aýdymçysy Madonna özi barada film surata düşürer. Ol filmiň ssenarisini Diablo Kodi bilelikde ýazyp, ekran eserine özi režissýorlyk eder. Popuň ýyldyzy bu barada: “Entek gürrüň berilmedik hekaýam we özüne maýyl ediji başdan geçirmäm juda köp. Bulary bolsa meň özümden gowy kim gürrüň berip biler” diýip, çykyş etdi. 62 ýaşly zenan aýdymçy özi baradaky filmiň esasyny aýdym-sazyň düzjekdigini aýtdy.

Täze komediýa

Golliwudyň belli artistleri Bleýk Laýwli, Riçard Gir, Daýan Kiton, Lin-Manuel Miranda meşhur režissýor Edward Swikiň täze filminde jemlenerler. “Soňky samuraý” (The Last Samurai), “Ganly almaz” (Blood Diamond) ýaly kinolary surata düşüren režissýoryň täze kinosy komediýa görnüşli bolup, ol “The Making of” diýlip atlandyrylýar. Filmiň surata düşüriliş işlerine geljek ýylyň ýazynda badalga berler.

Daşky gurşawy goramakda halkara hyzmatdaşlyk

16-njy sentýabrda Oba hojalyk we daşky guşawy goramak ministrliginiň hem-de Ahal we Daşoguz welaýatlarynyň häkimlikleriniň wekilleri BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) wekilleri bilen nobatdaky onlaýnduşuşyga gatnaşdylar.

Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahatlar “Merkezi Aziýada we Türkiýede gurakçylykly we şorlaşan oba hojalyk önümçilik ýerleriniň tebigy serişdelerini toplumlaýyn dolandyrmak” (CALCILM 2) taslamasyna bagyşlandy. Bu taslama FAO-nyň we Global ekologiýa gaznasynyň (GEG) goldaw bermeginde durmuşa geçirilýär.

Sebitiň döwletleriniň gatnaşmagynda maliýeleşdirilýän, umumy bahasy ABŞ-nyň 75 million dollaryndan gowrak bolan we ol 5 ýyla niýetlenen iri möçberli taslama 2018-nji ýylyň maý aýynyň ahyrynda badalga berildi. Onuň esasy wezipesi ýerli şertlerde ýer we suw serişdelerini netijeli ulanmagyň iň üstünlikli tejribelerini, öňdebaryjy oba hojalyk tehnologiýalaryny, bir tarapdan, oba hojalygyny ösdürmäge we beýleki daşky gurşawy gowulaşdyrmaga ýardam edýän innowasion ylmy işläp düzmeleri uýgunlaşdyrmakdan ybaratdyr.

Bu taslama Ahal hem-de Daşoguz welaýatlarynda toprak-howa şertleri boýunça tapawutlanýan we gumdaky öri meýdanlarynyň, tokaýlaryň, suwarymly hem-de düme ýerleriniň böleklerini öz içine alýan synag çäkleriniň üçüsinde amala aşyrylýar.

Hususan-da, miweli, pürli, bezeg we gyrymsy agaçlaryň hem-de pissäniň, badamyň we beýleki ösümlikleriň Nohur obasynyň golaýyndaky daglyk ýerde nahalhanasyny döretmek hem-de ekilýän meýdanyny mundan beýläk-de giňeltmek göz öňünde tutulýar.

Ak bugdaý etrabynda duza hem-de guraklyga durnukly öri we ot-iýmlik ekinlerini uýgunlaşdyrmak, energiýa serişdelerini tygşytlaýjy serişdeleri ornaşdyrmak, şorly ýerleri suwarmak boýunça işler geçirilýär. Bu işler Merkezi Garagumda maldarçylygy ösdürmäge ýardam etmelidir.

Türkmen alymlarynyň—Ylymlar akademiýasynyň işgärleriniň, Milli çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi institutynyň işgärleriniň işläp düzmeleri bilen bir hatarda, oba hojalygyny ýöretmegiň ýerli däpleri öwrenilýär. Öri meýdanlaryny suwlulandyrmak üçin suw toplaýjy desgalar—sardobalar we guýular dikeldiler.

Gurbansoltan eje etrabynyň suwarymly ýerlerinde “AquaCrop” usulyýeti boýunça suw serişdelerini rejeli peýdalanmagyň ulgamy synagdan geçirildi we ornaşdyryldy. Bu FAO hem-de ýurdumyzyň we dünýä tejribesiniň esasynda işlenip taýýarlanylan, şorly ýerleri oba hojalyk dolanyşygyna gaýtadan girizmek, gurakçylyga we duza durnukly ekinleriň kömegi bilen şorly ýerleri dikeltmek işlerini öz içine alýar. Synag ýerlerini, şol sanda Daşoguzdaky Oba hojalyk institutynyň tejribe meýdanyny döretmek meýilleşdirilýär.

Şol başlangyçlaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, BMG-niň Suw Strategiýasyny hem-de BMG-niň Aral deňzi sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak hakynda teklipler bar.

Şeýle hem bu ugurlarda BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Dünýä ekologiýa gaznasy hem-de beýleki abraýly halkara düzümleri bilen bilelikde milli we sebit derejesinde onlarça taslamalar amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň nusgasy – ylalaşdyryjy çözgütleri gazanmagyň netijeli guraly

16-njy sentýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara mediaforum geçirildi. Oňa köpçülikleýin habar beriş ulgamyndaky abraýly halkara we sebit guramalarynyň, diplomatik toparlaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, syýasatşynas bilermenler gatnaşdylar.

Söwda-senagat edarasynda onlaýn görnüşinde geçirilen mediaforuma wideomaslahat aragatnaşygy arkaly 68 ýurtdan wekilleriň 300-den gowragy goşulyşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2017-nji ýylyň fewral aýynda BMG-niň Baş Assambleýasy agza döwletleriň örän köpsanlysynyň awtordaşlygynda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip biragyzdan yglan etdi. Geçen ýyl bolsa 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mundan başga-da, ýene bir başlangyç bilen – indiki ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyny geçirmek baradaky başlangyç bilen çykyş etdi.

Şu ýylyň awgust aýynyň ahyrynda biziň ýurdumyzyň teklibi boýunça BMG-niň ýanynda Bitaraplygyň dostlary topary döredildi. Bu topar Bitaraplygyň halkara syýasy ýagdaýy gowulandyrmak üçin Bitaraplygyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmakda esasy çäreleriň biri boldy.

Mediaforuma wideomaslahat aragatnaşygy arkaly goşulan Aziýa-Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, Türkiýe Respublikasynyň TRT teleradiokorporasiýasynyň baş direktory we başlygy Ibrahim Eren sebitleriň hem-de yklymlaryň ýurtlarynda türkmen Bitaraplygynyň oňyn tejribesine uly üns berilýändigini nygtady.

ABU-nyň baş sekretary Jawad Mottagi Türkmenistanyň bitaraplyk syýasaty netijesinde, oňyn gepleşikleriň hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň açyk meýdançasyna öwrülendigini, sebitde hem-de tutuş dünýäde parahatçylygy üpjün etmäge uly goşant goşýandygyny belledi.

Hindistanyň “Prasar Bharati” ýaýlymlar kompaniýasynyň baş direktory, Şri-Lankanyň “MTV Channel” toparynyň, Ýewropanyň ösüş we howpsuzlyk institutynyň ýolbaşçylary we beýleki çykyş edenler dünýä bileleşiginiň Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinde dawaly meseleleri çözmäge gönükdirilen sazlaşykly hereketleriň örän wajypdygy barada birmeňzeş pikiri aýtdylar.

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň nusgasy ylalaşdyryjy çözgütleri gazanmagyň netijeli guraly bolup biler diýip, foruma gatnaşyjylar bellediler hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa, biziň ýurdumyzyň halkyna ýetip gelýän uly baýramçylyk–Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly senesi mynasybetli gutlaglaryny beýan etdiler.

Geýtsiň kakasy aradan çykdy

“Microsoft” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Bill Geýtsiň kakasy William Henri Geýts II 94 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Aklawçy wezipesinde zähmet çeken Henri Geýtsiň 1998-nji ýylda pensiýa çykandygy mälim edildi. Henri Geýts pensiýada bolan döwründe Geýts gaznasynda dünýäde saglygy goraýyşy ösdürmek boýunça iş alyp barandygy mälim edildi.  

Sportuň taryhynda şu gün – 16-njy sentýabr

1906 – 1-nji Fin marafonynda Kaarlo Nieminen ýeňiji bolýar.

1953 – Çilili tanymal futbol tälimçisi Manuel Pellegrini dünýä inýär.

1965 – Germaniýaly futbolçy Karl-Haýns Ridle dünýä inýär.

1973 – Gazagystanly meşhur welosportçy Aleksandr Winokurow dünýä inýär.

“Apple” güýzki dabarasynda täze önümlerini tanyşdyrdy

“Apple” kompaniýasynyň güýzki önüm tanyşdyrylyş dabarasy bu ýyl 15-nji sentýabrda geçirildi. Dünýäniň ähli ýerindäki “almanyň” muşdaklaryny onlaýn platformada bir ýere jemlän kompaniýa akylly sagatlarynyň we planşetleriniň täze görnüşlerini, şeýle hem onlaýn hyzmatlarynyň kämilleşdirilen goşundylaryny köpçülige hödürledi. Howanyň üýtgemegine garşy göreşe ygrarlydygyny öňe sürýän “Apple” kompaniýasy enjamlarynda 100 göterim gaýtadan işlenen önümleri ulanýandygyna ünsi çekdi.

20% çalt işleýän “Apple Watch Series 6”

 “Apple Watch Series 6” akylly sagadynyň esasy aýratynlygy gandaky kislorodyň derejesini ölçemäge niýetlenen sensorlardyr. Bu sensorlar gan öýjükleriniň tutuş bedene ýaýradýan kislorodynyň dykyzlyk göterimini gözegçilikde saklamaga mümkinçilk berýär.

Sagadyň programma üpjünçiligine ýerleşdirilen “Family Setup” aýratynlygy, maşgalada “iPhone” ulanmaýan çagalardyr ýaşulylaryň “Series 6”-nyň aýratynlyklyryndan doly peýdalanmaga şert döredýär.

“Series 6” modelindäki goşa prosessor “iPhone 11” smartfonlarynda ulanylan “A13 Bionic” tehnologiýasynyň binýadynda kämilleşdirilipdir. “Täze akylly sagat öňki modellerine garanyňda 20 göterim çalt işleýär” diýlip, “Apple”-iň beýanatynda aýdylýar.

Gök, gyzyl, çal we altynsow reňklerde öndürilýän “Apple Watch Series 6” akylly sagatlary 18-nji sentýabrda 399 we 499 dollardan satuwa çykaryldy.

Çäräniň dowamynda akylly sagatlaryň has amatly görnüşi bolan “Apple Watch SE” modeli bilen hem tanyşdyryldy. 279 we 329 dollardan satuwa çykarylan “Watch SE”-niň “Apple Watch Series 3” akylly sagadyndan iki esse çalt işleýändigi aýdylýar.

“Apple”-iň dolandyryjylaryndan Jef Williamsyň aýtmagyna görä, “Watch SE” sagady “Series 6”-da ulanylan dizaýny “Apple” sagatlaryna mahsus iň esasy aýratynlyklar bilen birleşdirýär.

Täze “iPad”-ler

Onlaýn çärede “Apple” täze “iPad”-leriniň ikisi bilen tanyşdyrdy: sekizinji nesil adaty “iPad” we 10,9 dýuýmlyk “iPad Air”.

“A12 Bionic” prosessor ýerleşdirilen adaty “iPad” 329 we 459 dollar baha aralygy bilen satuwa çykaryldy. “iPadOS 14” dolandyryş ulgamy bilen bazara goýberilen 10,2 dýuýmlyk planşetiň 40 göterim çalt işleýändigi aýdylýar.

Dabarynyň iň gymmat önümi bolan “iPad Air” bäş tapawutly reňkde öndürilipdir. 12 megapiksellik kamera ýerleşdirilen täze planşetde “Apple”-iň häzirki wagta çenli iň güýçli prosessory bolan “A14 Bionic” hereket edýär.

Oktýabrdan başlap, satuwa çykaryljak “iPad Air”-iň bahasy 599-729 dollar aralygynda üýtgär.

“Apple” hyzmatlarynyň ählisi “bir” ýerde

Tanyşdyrylyş agşamynyň iň görnükli täzelikleriniň biri hem “Apple One” hyzmatydyr. Bu platforma kompaniýanyň “Apple Music”, “Apple TV+”, “Apple Arcade”, “Apple News+”, “Apple Fitness+” we “iCloud” ýaly ähli abuna hyzmatlaryny bir ýere jemleýär. “Apple”-iň muşdaklary diňe “One”-a agza bolmak arkaly ýokaryda agzalan onlaýn hyzmatlaryň ählisinden peýdalanmaga mümkinçilik tapar. “Apple One” üç aýry nyrh meýilnamasy boýunça müşderilere hödülenýär: “Individual”, “Family” we “Premier”. Bu meýilnamalaryň aýlyk tölegi 14,95-29,95 dollar aralygynda üýtgemek bilen, hyzmatlaryň göwrümi taýdan bir-birinden tapawutlanýar. Güýz möwsüminden başlap, “Apple One”-yň “Individual” we “Family” nyrh meýilnamalary dünýäniň 100-den gowrak ýurdunda elýeter bolar.

Stetham bilen Riçiniň bilelikdäki 4-5-nji filmleri

“Alawdan ýürege, akyldan dumana” (Lock, Stock and Two Smoking Barrels), “Ýoluş” (Snatch) hem-de “Rewolwer” (Revolver) filmlerinde bile işleşen meşhur aktýor Jeýson Stetham bilen tanymal režissýor Gaý Riçi bu sanawa ýene bir kino goşmakçy bolýarlar.  Olaryň bilelikdäki öňki kinolaryna çalymdaş täze ekran eseri “Five Eyes” diýlip atlandyrylýar. Filmiň edebi esasyny Riçiniň soňky kinosy “The Gentlemen” filminiň ssenariçileri Iwan Atkinson bilen Marn Dewis bilelikde ýazar. Ýeri gelende aýtsak, Stetham bilen Riçi “Cash Truck” atly gaýtadan düşüriljek kinoda hem bilelikde işleşerler.

Aişwarýa Raý belli aktrisanyň keşbini janlandyrar

Bolliwudyň dünýä belli gözel aktrisasy Aişwarýa Raý Baççanyň surata düşjek täze kinosy belli boldy. Tanymal aktrisa hindi teatr sungatynyň görnükli wekili, irki ýyllaryň aktrisasy Binodani Dasiniň ömür döredijiligi barada söhbet açýan filmde baş keşbi janlandyrar. Ady belli edilmedik filme Pradeep Sarkar režissýorlyk eder. Filmiň surata düşüriliş işlerine şu ýylyň ahyrlaryna başlamak göz öňünde tutulýar.

Içiniň howasyny arassalar

Çydamly ulaglary öndürmegi bilen tanalýan “Volvo” kompaniýasy ulagyň içiniň howasyny arassalaýan täze tehnologiýany işläp taýýarlady. Şwed kompaniýasy täzeçil tehnologiýalara aýratyn ähmiýet berýär. Ulagyň içiniň howasyny kadalaşdyrmak üçin ulanylýan tehnologiýa häzirki wagtda örän kämil derejä ýetdi. Belli bir ýylylykda saklaýan, ulagyň her bölegine aýratyn howa üfleýän ulgamlar bar. Emma “Volvo” bu ugurda has tapawutlanyp, howanyň hilini ölçeýän sensory işläp taýýarlady. Täze tehnologiýa ulagyň içindäki howanyň düzümindäki zyýanly bölejikleri ýok edýär. Howanyň hiline “Volvo On Call” smartfon programmasy arkaly gözegçilik edip bolýar. Kompaniýada diňe ulagyň içki howasyny işläp taýýarlaýan ýörite inženerler we hünärmenler topary bar.

“Samsung” iň uly ekranyny stadiona ýerleşdirdi

Koreýanyň “Samsung” kompaniýasy häzire çenli ýasalan iň uly LED ekrany ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky “SoFi” stadionyna ýerleşdirdi. Tegelek görnüşli gurluşda ýerleşdirilen ekranyň umumy meýdany 6 503 inedördül metr. LED tehnologiýasynda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýasy hasaplanýan “Samsung”-yň bu ekrany 4K durulygynda şekil hödürlär. Süýri halka şekilli gurluşyň iki tarapyna ýerleşdirilen ekran kompaniýanyň açyk howada ulanmak üçin işläp düzen iň uly ekrany hasaplanýar. Ekranyň iň uly paneliniň boýy 13 metre, iň kiçisiniňki 6 metre barabar. Ekranda her biri beýlekisiniň merkezinden 8 millimetr aralykda ýerleşdirilen 80 million piksel bar. Ekran umumylykda 11 kilometrlik kabel arkaly birikdirilipdir. Şeýle hem, bu uly gurluş 260 ses gataldyjy bilen üpjün edilipdir. Täze ekrandan stadionyň golaýyndaky seýilgähde hem oturdyljakdygy habar berildi.

Ýosihide Suga Ýaponiýanyň täze Premýer-ministri boldy

16-njy sentýabrda Ýaponiýanyň Wekiller palatasy täze Premýer-ministri saýlamak maksady bilen adatdan daşary maslahat geçirdi. Maslahatda ýurduň dolandyryjy Liberal demokratik partiýasynyň täze başlygy Ýosihide Suga Premýer-ministr hökmünde tassyklandy.

Ýosihide Suganyň dalaşgärligi esasan, Parlamentiň aşaky palatasynyň (Wekiller palatasy) wekilleriniň köpüsi tarapyndan goldandy. Ýosihide Suga aşaky palatanyň 462 wekiliniň 314-siniň sesine eýe boldy, üstesine-de, ýokarky palatada sesleriň köplügine eýe boldy.

14-nji sentýabrda Libereal demokratik partiýasynyň täze başlygy wezipesine saýlanan 71 ýaşly Ýosihide Suga, sekiz ýyla golaý Ministrler Kabinetiniň baş sekretary bolup işledi we metbugat wekilleri üçin niýetlenen maslahatlarda hökümetiň syýasatyny düşündirip çykyş etdi.

15-nji sentýabr

1919 – Italiýaly welosportçy, “Žiro d’Italianyň” 5, “Tur de Fransyň” 2 gezek çempiony Fausto Koppi dünýä inýär.

1951 – Niderland futbolçysy Ýohan Neeskens dünýä inýär.

1977 – Amerikaly basketbolçy Jeýson Terri dünýä inýär.

1978 – Muhammad Ali watandaşy Leon Spinksi 15 raundda ýeňlişe sezewar edýär.

1978 – Islandiýaly futbolçy Eidur Gudýonsen dünýä inýär.

1995 – Şwesiýaly meşhur futbolçy Gunnar Nordal 73 ýaşynda aradan çykýar.

2000 – Awstraliýanyň Sidneý şäherinde XXVII tomusky Olimpiýa oýunlary tamamlanýar.