Ýewropada uzynlygy 3 müň 500 kilometre golaý bolan täze uzak aralykly pyýada ýöriş ugry – «Wolf Trail» (Möjegiň yzy) ugry işlenip düzüldi. Polşanyň Baltika deňziniň kenaryndan başlap, Italiýanyň Triest şäherine çenli uzaýan bu täze ugur syýahatçylara Ýewropanyň alty döwletiniň – Polşanyň, Germaniýanyň, Şweýsariýanyň, Awstriýanyň, Sloweniýanyň we Italiýanyň çäklerinden geçmäge mümkinçilik berýär. Syýahatçylyk esbaplaryny öndürýän «Jack Wolfskin» kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan taryhy ýodalar birleşdirilip taýýarlanan bu ugurda jemi ýokary galynýan beýiklik 78 müň 400 metre deňdir. Kanadaly hünärmen Loren Rorik tarapyndan doly barlagdan geçirilen ugur howpsuzlyk talaplarynyň doly üpjün edilmegi hem-de ýoluň boýunda ýörite meýdançalaryň we düşlemek üçin niýetlenen dag düşelgeleriniň ulgamlaşdyrylyp ýerleşdirilmegi bilen tapawutlanýar. Degişli ugurda doly ýörişi amala aşyrmak üçin ortaça 4 aýdan 6 aýa çenli wagtyň gerek boljakdygy bellenilýär.