21-nji iýulda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Germaniýanyň Federal Kansleri Fridrih Mers bilen Berlinde geçirilen bilelikdäki metbugat maslahatynda iki ýurduň arasynda energetika, ulag, özara gatnaşyklar we maýa goýum ugurlary boýunça strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem giňeldiljekdigini mälim etdi. Döwlet Baştutany gol çekilen resminamalaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykarjakdygyny we taraplaryň eýýäm strategik gepleşiklere başlandygyny nygtady.
Saparyň dowamynda Azerbaýjanyň şu ýyldan başlap Germaniýa tebygy gaz akdyrmaga başlandygy we onuň göwrümini artdyrmak mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi. Şeýle hem geljekde Ýewropa diňe bir nebit we tebygy gaz däl, eýsem «ýaşyl» energiýany hem eksport etmek meýilleşdirilýär. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde german kompaniýalarynyň ulag düzümini ösdürmek taslamalaryna işjeň çekilmegi, bu ugurlar boýunça birnäçe işçi toparlarynyň döredilmegi göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda Azerbaýjanda german maýasy bilen işleýän 200-den gowrak kompaniýa hereket edýär we geçirilen gepleşikleriň olaryň sanynyň hem-de özara maýa goýumlaryň artmagyna ýardam etjekdigi bellenildi.
Prezident Ilham Aliýew Azerbaýjan bilen Germaniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň diňe bir ikitaraplaýyn gatnaşyklara däl, eýsem sebitde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge hem goşant goşjakdygyny aýtdy. Gepleşikleriň jemleri boýunça Azerbaýjanyň Baştutany Germaniýanyň Federal Kansleri Fridrih Mersi özüne amatly wagtda Azerbaýjana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.