Dünýä binagärliginde abraýly sylag bolan Pritsker baýragyna şu ýyl hytaýly 69 ýaşly Lýu Szýakun mynasyp boldy. Szýakunyň ýolbaşçylygydaky “Jiakun Architects” binagärlik býurosy 40 ýylyň içinde Hytaýda 30-dan gowrak desgany taslapdyr. Baýrak bilen bilelikde ýeňijä 100 müň dollar pul sylagy hem berilýär.