Fransiýanyň çempionatynda 29-njy tapgyryň galdyrylan oýnunda çempionlygyny öň yglan eden PSŽ topary myhmançylykda “Nant” bilen duşuşdy. Oýunda ýeňiş gazanan bolman, 1-1 hasabynda deňlikde tamamlandy. Duşuşygyň 33-nji minutynda Witinýanyň goly bilen öňe geçen parižlilere ýer eýeleri 83-nji minutda Augustonyň goly bilen jogap berdi. Şunlukda, PSŽ-niň ýeňlişsiz seriýasy dowam edip, ol Fransiýanyň çempionatynda myhmançylykda 39 duşuşykdan bäri ýeňilmän gelýär. PSŽ bu ugurda Ýewropanyň TOP 5 çempionatynyň 32 ýyllyk rekordyny täzeledi. Ozalky rekord Italiýanyň “Milan” toparyna degişli bolup, “Serie A”-nyň wekili 1991-1993-nji ýyllar aralygynda çempionatda myhmançylykda geçiren 38 oýunda ýeňilmändi.