Paýhaslar düwünçegi

2

Üs­tün­lik bag­tyň aça­ry däl­dir. Bagt üs­tün­li­giň aça­ry­dyr. Eger ed­ýän işi­ňi­zi söý­se­ňiz, hökman üstünlik gazanarsyňyz.
Al­bert Şweý­ser.

Uly iş­le­ri ba­şar­mak üçin di­ňe bir he­re­ket et­mek däl, eý­sem, ar­zuw et­mek, di­ňe bir me­ýil­leş­dir­mek däl, ynan­mak hem ge­rek­dir.
Ana­tol Frans.

Üs­tün­lik bar­jak no­ka­dyň däl, şol ýol­da nä­hi­li ada­ma öw­rül­ýän­di­giň­dir.
Jim Ron.

Mak­sa­dy­ňyz öz deň-duş­la­ry­ňyz­dan ýa-da öň­kü­ler­den üs­tün çyk­mak bol­ma­syn. Siz di­ňe öz-özü­ňiz­den üs­tün çyk­ma­ga çal­şyň.
Wi­ly­am Folk­ner.

Uly şow­suz­lyk­lar­dan gork­ma­ýan­lar uly üs­tün­lik­le­ri ga­za­nyp bi­ler­ler.
Ro­bert Ken­ne­di.

Özgelere hö­küm et­mek güýç­lü­di­gi­ňi gör­kez­ýär, öz-özü­ňe hö­küm et­mek bol­sa ha­ky­ky gudrat­dyr.
Lao Szy.

Dün­ýä­de gör­mek is­le­ýän üýt­geş­mä­ňi­ziň özi bo­luň.
Ma­hat­ma Gan­di.

Se­ni yzy­gi­der­li baş­ga bi­ri­ne öwür­mä­ge ça­lyş­ýan dün­ýä­de özüň bo­lup gal­mak iň uly üs­tün­lik­dir.
Ralf Wol­do Emer­son.

Iç­ki pa­ra­hat­çy­ly­gy tap­ma­gyň bi­rin­ji şer­ti da­şar­ky wa­ka­la­ryň si­ziň duý­gu­la­ry­ňy­zy do­lan­dyr­ma­gy­na ýol ber­mez­lik­dir.
Da­laý La­ma.

Ýo­lu­ňy­zy nä­hi­li geçýändigiňiz wa­jyp däl­dir, esa­sy zat dur­man do­wam et­mek­dir.
Kon­fu­siý.

Ba­tyr­lyk gor­ky­nyň ýok­lu­gy däl, eý­sem, gor­kynyň üs­tün­den hök­mü­ro­wan­lyk­dyr. Gah­ry­man adam diňe batyr däl, eý­sem, gor­ku­sy­ny hem ýe­ňip bil­ýän­dir.
Nel­son Man­de­la.

Ga­raň­ky­lyk­da bir dos­tuň bi­len ýö­re­mek, ýag­ty­lyk­da ýe­ke özüň ýö­re­mek­den has go­wu­dyr.
He­len Kel­ler.

Ynam bar ýe­rin­de he­mi­şe we­pa­ly­lyk hem bar­dyr.
Se­ne­ka.