Sa­tu­wy­ny iki es­se art­dy­rar

167

Ger­ma­ni­ýa­nyň BMW kom­pa­ni­ýa­sy do­lu­ly­gy­na elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ulag­la­ry­nyň sa­tu­wy­nyň art­ma­gy­na ga­raş­ýar. Şu ýyl kom­pa­ni­ýa­nyň ön­dür­ýän ulag­la­ry­nyň 15 gö­te­ri­mi­niň do­ly elekt­rik­li bol­jak­dy­gy çak­la­nyl­ýar. Şeý­le ulag­la­ryň sa­tu­wyn­da hy­taý­ly müş­de­ri­le­riň art­ýan is­le­gi­niň tä­si­ri uly bo­lar. Şu ýy­lyň iki aýyn­da glo­bal ba­zar­da BMW elekt­rou­lag­la­ry­nyň sa­tu­wy ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­rün­dä­ki­den iki es­se köp bo­lup­dyr. Mun­da Hy­ta­ýyň tä­si­ri uly bo­lup­dyr. De­giş­li dö­wür­de Hy­taý­da­ky sa­tuw üç es­se ýo­kar­la­nyp­dyr. Ne­mes kompaniýasy 2023-nji ýyl­da elekt­rou­lag sa­tu­wyn­da Hy­ta­ýyň pa­ýy­nyň bar­ha art­jak­dy­gy­na bil bag­la­ýar. Ge­çen ýyl BMW ulag­la­ry­nyň üç­den bi­ri Hy­taý­da sa­ty­lyp­dyr. Şeý­le­lik­de, BMW-niň Hy­taý­da­ky sa­tu­wy ABŞ-da­ky­dan iki es­se ýo­ka­ry bo­lup­dyr.
BMW-niň do­ly elekt­rik­li ulag­la­ry­nyň sa­tu­wy ge­çen ýyl äh­li ulag­la­ryň 9 gö­te­ri­mi­ni eme­le ge­ti­rip­dir. Bu gör­ke­zi­ji­niň 2023-nji ýyl­da 15 gö­te­ri­me ýet­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.

Be­genç BÄ­ŞI­MOW,
Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.