Goň­şy döw­let­ler bi­len dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­mak Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sy stra­te­gi­ýa­sy­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Bu ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk se­bi­tiň dur­nuk­ly ösü­şi üçin ze­rur şert­le­ri dö­ret­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de, şol san­da dür­li ugur­lar­da gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek­de öza­ra dü­şü­niş­mek, açyk­lyk we hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne eýe­ril­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­nyň no­ýabr aýyn­da goň­şy döw­let­le­re – Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­na hem-de Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­na ama­la aşy­ran döw­let sa­par­la­ry dost­lukly gat­na­şyk­la­ryň aý­dyň su­but­na­ma­sy­na öw­rül­di. Se­bi­tiň iki ýur­dy ata Wa­ta­ny­my­zyň esa­sy söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­la­rydyr. Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy bi­len öza­ra söw­da­nyň möç­be­ri ge­çen ýyl 1 mil­liard amerikan dol­lar­yndan ge­çen bol­sa, şu ýy­lyň 10 aýyn­da bu gör­ke­zi­ji 900 mil­lio­n amerikan dol­lar­yna go­laý­la­dy. Öza­ra söw­da­nyň art­dy­ryl­ma­gy­nda Türk­men-öz­bek ser­het­ýa­ka söw­da mer­ke­zi­niň açyl­ma­gy­nyň hem äh­mi­ýe­ti ulu­dyr. Bu wa­jyp tas­la­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ha­ryt do­la­ny­şy­gy­ny art­dyr­mak, ma­ýa go­ýum­la­ry çek­mek, iki ýur­duň te­le­ke­çi­le­ri­niň we ho­ja­ly­gy ýö­red­ýän sub­ýekt­le­ri­niň ara­syn­da öza­ra tej­ri­be alyş­mak hem-de gat­na­şyk­la­ry has-da pug­ta­lan­dyr­mak üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar.
Türk­men-ga­zak gat­na­şyk­la­ry hem dür­li ugur­lar­da, hu­su­san-da, ener­ge­ti­ka, ulag, ara­gat­na­şyk babatda iş­jeň ös­dü­ril­ýär. Soň­ky bäş ýy­lyň do­wa­myn­da iki ýur­duň ara­syn­da­ky öza­ra söw­da do­lan­yşy­gy dört es­se art­dy. Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň döw­let sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de gol çe­ki­len yla­la­şyk­lar se­bit hyz­mat­daş­ly­gy­ny has-da ös­dür­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­ler aç­ýar. Türk­me­nis­tan bi­len Ga­za­gys­ta­nyň ara­syn­da ýe­ras­ty op­ti­ki-sü­ýüm­li ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ry­ny dö­ret­mek ba­bat­da ga­za­ny­lan yla­la­şyk­lar Mer­ke­zi Azi­ýa­da tä­ze san­ly gur­şa­wyň dö­re­dil­me­gi­ne bin­ýat bo­lup hyz­mat eder.

Aýjahan HAJYÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.