Tokaýew: Gazagystanyň döwletlilik kökleri Altyn Ordadan başlanýar

3

Gazagystanyň häzirki zaman prezidentlik döwlet dolandyryş ulgamy öz gözbaşyny Altyn Ordanyň döwründe döredilen syýasy ulgamdan alýar. Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň resmi saýty bolan Akordanyň habar bermegine görä, bu barada Prezident Kasym-Žomart Tokaew Astanada Döwlet baýdagyny galdyrmak dabarasynda eden çykyşynda mälim etdi.
Ýurduň Baştutany: «Täze Konstitusiýada gazak halkynyň geçmişiniň Beýik sähranyň müňýyllyk taryhy bilen aýrylmaz baglanyşygy aýdyň görkezilendir» diýip belledi. Onuň sözlerine görä, Altyn Orda özüniň häkimiýet edaralary, diplomatik gullugy, aragatnaşyk we gümrük ulgamy, dünýäde ykrar edilen pul birligi hem-de ösen tehnologiýalary bolan Orta asyrlaryň beýik döwleti hökmünde çykyş edipdir.
Gazak lideri Altyn Ordanyň iň esasy mirasynyň — umumy düzgünleriň çäklerinde dürli dinleriň, dilleriň, medeniýetleriň we däp-dessurlaryň wekillerini ägirt uly döwletiň düzüminde agzybirlikde jemlän üýtgewsiz gymmatlyklarydygyny aýratyn nygtady.
Prezident Tokaýew tiz wagtda Astana şäherinde Beýik sähranyň taryhy medeniýetini we gazanan üstünliklerini görkezýän örän uly binanyň gurlup başlanjakdygyny hem mälim etdi. Ol golaýda ÝUNESKO-nyň goldamagynda Altyn Ordanyň mirasyny öwrenmäge bagyşlanan halkara simpoziumynyň guralandygyny hem ýatlap geçdi.
«Altyn Ordanyň gazanan üstünlikleri şu günki Ýewraziýanyň köp sanly halklarynyň umumy baýlygydyr. Şonuň üçin hem, biz geçmiş taryhymyza we mirasymyza daýanyp, ähli döwletleriň parahat we dostlukly ýaşaýan, öz halklary üçin bilelikde gurup döredýän bitewi hem-de gülläp ösýän Ýewraziýa sebitini gurmagy goldaýarys” diýip, Gazagystanyň Baştutany sözüniň üstüni ýetirdi.