Bilermenler düýş görmegiň begençli ýa-da gorkuly wakanyň aňasty aňda täsir galdyrmagy esasynda döreýändigini belleýärler. Ukudaky başdangeçirmeler gaýtalanýan düýşler, oraşan düýşler, arzuwly düýşler we gorkuly düýşler ýaly birnäçe topara bölünýär. Bellemeklerine görä, çagalyk döwründe düýş görmek has ösen derejä eýe bolup, adatça her gün diýen ýaly düýş görülýär. Adam ulaldygyça düýşler hem azalýar. Käbir adam bütin ömründe bir-iki gezek düýş görýär. Käbir adam bir gijäniň dowamynda 3-4 wakaly düýş görýär.
Düýş arzuwlar, pikirler we duýgular esasynda döreýän ukudaky başdangeçirmeler hasaplanýar. Görülýän düýşleriň 75-80 göterimi gündizki hereketler, oý-pikirler bilen baglydyr. Gündizki wakalar täsirli we üýtgeşik görnüşde düýşümize girýär. Mysal üçin, guş ýaly uçmak, arzuw edýän ýeriňe syýahata gitmek, doglan günüňe garaşýan sowgadyň edilmegi we ş.m.
Düýşüň dowamlylygy näçe wagt?
Adatça düýşüň dowamlylygy birnäçe sekuntdan geçmeýär. Ýöne oýananymyzda, düýşümizde 1-2 sagada çeken wakany başdan geçiren ýaly duýýarys. Käte ukudan oýananymyzda düýşümiziň dowamyny görmek isleýäris. Käte gören düýşümiz anyk ýadymyza düşýär, käte düýşümizi ýadymyza salyp bilmeýäris. Bu ýagdaý beýniniň işjeňligi bilen baglydyr.
PDF









