NBA-da “Los Anjeles Leýkersiň” super ýyldyzy LeBron Jeýmsiň 2007-nji ýyldan bäri dowam edip gelýän taryhy statistikasy tamamlandy. Ol toparynyň öz meýdançasynda “Toronto Reptors” bilen geçiren duşuşygyny 8 utuk bilen tamamlady. Şeýlelikde, ýyldyz oýunçy 1297 oýundan soň ilkinji gezek adaty möwsümiň çäginde 1 duşuşykda 10-dan az utuk geçirdi. Başgaça aýdylanda, 41 ýaşyndaky super ýyldyza 18 ýyldan soň bir duşuşykda iki sifrli utuga ýetmek başartmady. Aslynda ol duşuşygyň tamamlanmagyna 5 sekunt galanda, hasap deňlikde mahaly topy halka oklap, toparyny özi öňe geçirip bilerdi. Ýöne tejribeli basketbolçy topy topardaşy Haçimura berdi. Ýaponiýaly oýunçy bolsa 3 utuk gazandyrýan çyzygyň daşyndan topy halka girizip, toparyna ýeňiş getirdi (123:120).