Şekilleri surata düşürýän hem-de ýazga alýan enjamyň taryhy irki döwürlerden gözbaş alýar. 1685-nji ýylda nemes ýazyjysy Ýohannes Zahn «Handflex refleks» atly elde göterilýän kameranyň taslamasyny işläp düzýär. Ýöne bu enjam şowly netije bermeýär. 1816-njy ýylda fransuz oýlap tapyjysy Nisefor Nýeps bu enjamyň meňzeşini oýlap tapýar. Bu enjam ilkinji fotoapparat hasaplanýar. Nýeps 1826-njy ýylda oýlap tapan enjamy arkaly kümüş hlorid bilen örtülen kagyzyň ýüzünde suratly şekili döredýär. Bu ilkinji düşürilen surat hasaplanýar. 1829-njy ýylda Nýepsiň watandaşy Lui Dager surata düşürmegiň täze usulyny oýlap tapýar. Beýleki fotokameraçylar Dageriň oýlap tapan usulyndan XIX asyryň ortalaryna çenli peýdalanýarlar. Suratlaryň şekiliniň çalt ýitmegi Dageriň oýlap tapan enjamynyň esasy kemçiligi bolup, ony amerikaly oýlap tapyjy Simon Wolkott düzedýär. Ol ilkinji aýna kamerany işläp düzýär. 1871-nji ýylda Riçard Leç Maddoks XX asyryň Polaroid kameralarynyň başlangyjy bolan gury plastinkasyny oýlap tapýar.
1888-nji ýylda amerikaly telekeçi Jorj Istman «Kodak» ady bilen analog fotoapparatlaryň satuwyna başlaýar. Şondan soňra Roçester şäherinde rulonly fotokameralaryň önümçiligi ýola goýulýar. 1905-1913-nji ýyllar aralygynda fotokamera öndürýän kompaniýalar ulanyjylara aýrylyp-dakylýan 35 mm obýektiwi hödürleýärler. Nemes oýlap tapyjysy Oskar Barnak «Leitz» korporasiýasy üçin «Leica» atly obýektiwi oýlap tapmagy bilen tanalýar. 1920-nji ýylda nemes kompaniýasy «Franke & Heidecke»-niň hünärmenleri iki linzaly refleks fotoapparatlary öndürip başlaýarlar.
1999-njy ýylda ilkinji sanly (DSLR) fotokamera peýda bolýar. Sanly fotoapparat düşürilen suratlary takyk görmäge, surata gowy düşürmäge mümkinçilik berýär. 2004-nji ýylda «Epson» refleksli aýnasyz fotokamerany çykardy. Munda ýagtylyk obýektiwden göni sanly sensora geçýär, soňra LCD ekranda şekil görkezilýär hem-de sazlamalary üýtgedip bolýar.
Birnäçe ýyl ozal surata we wideo düşürmek maksady bilen ulanylan fotoenjamlar seýrek bolan hem bolsa, häzirki wagtda tehnologiýanyň ösmegi bilen el telefonlary arkaly ýokary durulykda surata düşürmek hemmeler üçin elýeterli boldy.