Ispaniýanyň milli statistika instituty ýurduň syýahatçylyk pudagyna degişli maglumatlary ýaýratdy. Şu ýylyň 9 aýynda bu ýurda baranlaryň sany günin baryp gaýdanlar hem hasaba alnanda, 4,2% artyp, 117,5 milliona deň bolupdyr. Degişli döwürde ýatymlaýyn baran syýahatçylaryň sany 5,3% ýokarlanyp, 80,5 milliona deň bolupdyr. Degişli döwürde bu pudakdan alynýan girdejiler 8,1% ýokarlanyp, 114 milliard ýewro bolupdyr.
Iň köp syýahatçy Birleşen Patyşalyk (16 million 158 müň), Fransiýa (10 million 332 müň) we Germaniýa (9 million 487 müň) ýaly Ýewropa ýurtlaryndan barypdyr. Ýewropanyň daşyndan Ispaniýa iň köp
ABŞ-dan syýahatçy (3 million 890 müň) barypdyr.
Işanguly Işangulyýew,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby.
PDF








