AFK-nyň Çagyryş Ligasy ýaryşynda ýurdumyzyň çempiony “Arkadag” topary taryhy ýeňişden soň finala çykdy. Öz meýdançasynda Kuweýtiň “Al-Arabi” topary bilen duşuşan ildeşlerimiz gerek bolan hasaby gazanyp, halkara ýaryşda ilkinji gezek finalda oýnamaga hukuk gazandylar. Mundan bir hepde ozalky duşuşykda kuweýtliler 2-0 hasabynda üstün çykypdy. Çekeleşikli geçen jogap oýunda türkmen futbolçylary 3-0 hasabynda ýeňiş gazanyp, umumy hasapda öňe saýlandylar (3-2). “Arkadag” toparyna ynamly ýeňiş getiren gollary 7-nji we 90+4-nji minutlarda Şanazar Tirkişow bilen 58-nji minutda Altymyrat Annadurdyýew geçirdi. Şunlukda, iki oýnuň netijesi boýunça 3-2 hasabynda ýeňiş gazanan “Arkadag” topary AFK-nyň Çagyryş Ligasynda finala çykmagy başardy.

“Arkadag” toparynyň finaldaky garşydaşy Kambojanyň “Preah Han Riç Swaý” topary ýa-da Indoneziýanyň “Madura Ýunaýted” topary bolar. 1-nji duşuşykda “Preah Han Riç Swaý” topary öz meýdançasynda 3-0 hasabynda ýeňiş gazanypdy. Iki toparyň arasyndaky jogap duşuşygy ertir, 17-nji aprelde Indoneziýada geçiriler (13:30).

Final duşuşygyň 10-njy maýda oýnalar.