Täze ýyl baýramçylygy örän üýtgeşik, jadyly baýramçylyk. Sebäbi täze ýyl ähli ynsanlaryň kalplaryna nur paýlap, uly umytlara, owadan arzuwlara besleýär. Bu baýramçylyk dünýäniň ähli künjeginde diýen ýaly şatlyk-şowhun, uly dabara bilen bellenilýär. Häzirki döwürde ýurtlaryň ählisinde diýen ýaly, Grigorian senenamasy ulanylýar. Bu senenama halkara gatnaşyklarynda hem ýörgünlidir. Täze ýyl baýramçylygy hem her ýylyň ilkinji güni – 1-nji ýanwarda bellenilýär. Şeýle-de bolsa käbir ýurtlarda ýa-da sebitlerde bu baýramçylyk başga wagtda bellenilýär. şeýle ýurtlaryň biri Efiopiýadyr. Afrikada ýerleşýän bu ýurtda Grigorian däl-de, öz gadymy senenamasy ýörgünlidir. Ýurtda biziň senenamamyza görä, her ýylyň 11-nji ýa-da 12-nji sentýabry täze ýylyň ilkinji güni hasaplanýar. Bu baýramçylyga “Enkutataş” diýilýär. Efiopiýada Täze ýyl baýramçylygy tomus paslynyň tamamlanandygyny, hasyl döwrüniň başlandygyny aňladýar. Ýurtda milady senenamadan 7 ýyl 8 aý töweregi yzda barýan Gün senenamasy ulanylýar. Şu ýylyň sentýabr aýynyň 11-ne efiopiýalylar täze – 2016-njy ýyla aýak basdylar. Bu senenama dini senenama bolmak bilen ähli resmi işlerde hem ulanylýar. Şeýle hem ýurtda Hijri senenamasyna görä wagty her ýyl üýtgeýän Täze ýyl baýramy hem bellenilýär. Ýurtda Yslam medeniýetine aýratyn hormat goýulýar. Bu baýramçylyk Aýyň Ýeriň daşyndan aýlawyna görä düzülen hijri senenamanyň ilkinji aýy bolan Muharram aýynyň birinji güni bellenilýär.
Täze ýylyňyz gutly bolsun!
Enejan AGAJANOWA, Türkmenistanyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.
PDF









