“Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda geçirilýän çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň nahalhanasynda “Eziz Diýarymyzy bagy- bossanlyga öwreliň!” ady bilen okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahaty Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmenleridir bagbanlarynyň, Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat orta hünär okuw mekdebiniň, Türkmenabadyň maliýe we ykdysadyýet orta okuw mekdebiniň talyp ýaşlary we mugallymlary gatnaşdylar. Okuw maslahatynyň barşynda jemgyýetiň bagbanlary Miwe Araşowa we Rozymyrat Saparow dagynyň nahalhanada ýetişdirilýän agaç nahallaryna, hoşboý ysly bägüllere edilýän agrotehniki çäreleriň geçirilişi dogrusynda giň mazmunly gürrüňler edildi. Nahallary ýetişdirmegiň usullary dogrusynda talyplaryň beren sowallaryna jogap berdiler. Türkmen oba hojalyk uniwersitetini Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň hem-de Türkmenabadyň maliýe we ykdysadyýet mekdepleriniň mugallymlary daragtlaryň, tokaý zolaklarynyň ynsan saglygyna edýän täsiri, ýurdumyzda yglan edilen Milli tokaý maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada gürrüň berdiler.
Şu günler jemgyýetiň nahalhanasynda agaç nahallarynyň we hoşboý ysly gülleriň 20 müňden gowrak düýbi ýetişdirilýär. Her ýylyň bahar we güýz möwsümlerinde bagbanlarymyzyň ýetişdiren nahallary we güllerini mekdeplere, çagalar bakja-baglaryna, ýörite orta okuw mekdeplerine, ýokary okuw mekdebine, edara-kärhanalara, daýhan birleşiklerine paýlap berip, olaryň oturdylyş we agrotehniki taýdan ideg ediliş usullary giňden düşündirilýär.
Biz gelejekde hem bu alnyp barylýan işleriň depginini gowşatman, baý türkmen tebigatyna bolan söýginiň kämilleşmegini gazanyp, .
Okuw maslahatynyň esasy maksady ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň tebigata bolan söýgüsini artdyrmakdan, daş-töweregimizi gurşap alýan tebigy gözellikleri gorap saklamaga ýardam etmekden ybarat boldy.
Amaly maslahatyň ýörite görkezme esbaplar, fotosuratlar we gerbäpler bilen baýlaşdyrylmagy bolsa, çäräniň täsirliligini artdyrdy.
Suratda: Jemgyýetiň nahalhanasynda bagbanlar Miwe Araşowanyň talyp ýaşlara agaç nahallarynyň ýetişdiriş usullary dogrusynda düşündirýän pursatlary.
Gunça Pamyýewa, Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmeni.
PDF









