«GE Ae­ros­pace» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň gib­rid ýan­gyç­ly uça­ry ge­çi­ri­len sy­nag uçu­şyn­da 30 müň fut (9 144 m) ýo­ka­ry ga­lyp, re­kord goý­dy. Şeý­le­lik­de, elekt­rik ener­gi­ýa­sy hem-de ne­bit ýan­gy­jy bi­len iş­le­ýän «Sa­ab 340B» uça­ry ada­ty ýo­la­gçy uçar­la­ry­nyň uç­ýan be­lent­li­gi­ne gal­dy. Şeý­le hem uçuş wag­tyn­da uça­ryň ba­ta­re­ýa­la­ry­na hem zar­ýad ber­len­di­gi mä­lim edil­di.
Hä­zir­ki wagt­da aw­tou­lag­la­ryň we gä­mi­le­riň elekt­rik ener­gi­ýa­sy we gib­rid gör­nüş­le­ri az däl, emma uçar­lar­da bu teh­no­lo­gi­ýa doly ýaý­ra­ma­dy. Gys­ga ara­lyk­la­ra uç­ýan ki­çi gör­nüş­li ho­wa gä­mi­le­ri­niň ba­ta­re­ýa bi­len iş­le­ýän­le­ri bar hem bol­sa, uly göw­rüm­li ýo­lag­çy uçar­la­ry ada­ty ýan­gyç bi­len iş­le­ýär.
«GE Ae­ros­pace» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň bu sy­na­gy­na NA­SA, «BE­TA Techno­lo­gi­es» hem-de «Boeing» ýa­ly teh­no­lo­gi­ýa ägirt­le­ri gol­daw ber­di. Sy­nag uçu­şyn­da ada­ty ýo­lag­çy uça­ry bo­lan «Sa­ab 340B» ho­wa gä­mi­si ula­nyl­dy. Adat­ça, bu uçar­lar 36 ýo­lag­çy orun­lyk bo­lup, se­bit­le­ýin uçuş­la­ry ama­la aşyr­mak­da peý­da­la­nyl­ýar.
Mun­dan ozal «Am­pai­re» kom­pa­ni­ýa­sy «Cess­na 337 Sky­mas­ter» at­ly has ki­çi gör­nüş­li ho­wa gä­mi­si­ni elekt­rik ener­gi­ýa­synda iş­le­ýän mo­tor bi­len üp­jün edip­di. Ge­çi­ri­len sy­nag­da uçar 12 sa­gat yzy­gi­der­li uçup­dy. 2 müň 213 kilometr ýol ge­çen uçar ýe­re go­nan­da, ba­ta­re­ýa­la­ryn­da 15% zar­ýad bar­dy.