To­tu­la­ryň äh­li gör­nü­şi iý­mi­ti­ni aýa­gy bi­len tu­tup iýip bil­ýän­di­gi bi­len beý­le­ki guş­lar­dan ta­pa­wut­lan­ýar. Tä­sin ýe­ri to­tu­lar hem edil adam­lar ýa­ly sag­la­kaý we çep­be­keý bo­lup bil­ýär­ler.
Göwresi ki­çi gör­nüş­li to­tu­lar 15-20 ýyl, or­ta ulu­lyk­da­ky­lar
25-30 ýyl we uly to­tu­lar 60-80 ýy­l ýa­şa­ýar. Ola­ryň ara­syn­da 100 ýy­la çen­li ýa­şa­ýan­la­ry­nyň hem bar­dy­gy çak­la­nyl­ýar.
Gü­nor­ta Ame­ri­ka­da ýa­şa­ýan sümbül makau (Hyacinth macaw) at­ly guş dün­ýä­niň iň uly uçup bil­ýän to­tu­sy ha­sap­lan­ýar. Go­ýy gök reňk­li we gö­zü­niň tö­we­re­gi sa­rym­tyl bu gu­şuň ga­na­ty­ny aça­nyn­da­ky ulu­ly­gy 130 san­ti­met­re ýet­ýär.
Te­bi­gat­da sü­ri bo­lup ýa­şa­ýan to­tu­lar beý­le­ki to­tu­la­ryň ýa-da ýyr­ty­jy haý­wan­la­ryň se­si­ne öý­kün­ýär­ler. My­sal üçin, ki­çi­räk guş uly to­ty­gu­şuň­ky ýa­ly ses çy­kar­ýar. Ýa­ba­ny haý­wan­la­ryň se­si­ni çy­kar­mak ar­ka­ly bol­sa, duş­man­la­ryn­dan go­ran­ýar­lar.
Öý­de­ saklanýan to­tu­lar ga­py­nyň ja­ňy­nyň ýa-da fo­to­en­ja­myň se­si­ne hem öý­kü­nip bil­ýär­ler.
«Puck» at­ly to­ty 1 müň 728 sö­zi gaý­ta­lap, Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gir­di.