Türkmen agyr atletikaçylary Merkezi Aziýanyň açyk çempionatynda 13 medal gazandylar

35

Özbegistanyň Çyrçyk şäherinde 17 ýaşa çenli ýetginjek oglanlaryň we gyzlaryň arasynda agyr atletika boýunça Merkezi Aziýanyň açyk çempionaty jemlendi.
Ýaryşa Özbegistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkiýeden hem-de Türkmenistandan bolan türgenler gatnaşdylar.
Türkmen ýygyndysynyň wekilleri ýaryşyň 13 medalyny — 11 kümüş we 2 bürünç medallaryny gazanmagyň hötdesinden geldiler.

Atabek Azamatow: 49 kg çenli agramda çykyş etdi; Görkezen netijesi: birden galdyrmakda (73 kg) — kümüş, itekläp götermekde (86 kg) — bürünç, iki görnüşiň jemi boýunça (159 kg) — kümüş medallar.
Kakamyrat Annamyradow: 67 kg çenli agramda çykyş etdi; Görkezen netijesi: birden galdyrmakda (113 kg) — kümüş, itekläp götermekde (133 kg) — kümüş, iki görnüşiň jemi boýunça (246 kg) — kümüş medallar.
Gurbangözel Orazowa: 71 kg-den ýokary agramda; Görkezen netijesi: birden galdyrmakda (55 kg) — bürünç, itekläp götermekde (78 kg) — kümüş, iki görnüşiň jemi boýunça (133 kg) — kümüş medallar.
Orazgül Babaniýazowa: 55 kg çenli agramda çykyş etdi, Görkezen netijesi: birden galdyrmakda (64 kg) — kümüş, itekläp götermekde (81 kg) — kümüş, iki görnüşiň jemi boýunça (145 kg) — kümüş medallar.
Saparbaý Atajanow (+81 kg) birden galdyrmakda 120 kg netije bilen şu görnüşiň bürünç medalyna eýe boldy.