24–30-njy noýabrda Gazagystanyň Almaty şäherinde XVII «Ýewraziýa» halkara film festiwaly geçiriler. Bu sungat baýramçylygy Merkezi Aziýanyň hem-de türki dünýäsiniň baý kinematografiýa däplerini şöhlelendirjek meýdança öwrüler.
Üstümizdäki ýylda bu festiwala 8 ýurt – Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Türkmenistan, Azerbaýjan, Täjigistan, Türkiýe, Tatarystan we Saha Respublikasy gatnaşar.
Bu festiwala Türkmenistanyň kinorežissýorlarynyň surata düşürilen çeper filmleri hem gatnaşar. Olaryň hatarynda belli türkmen režissýory S. Baýramowyň Beýik Watançylyk urşy ýyllary baradaky “Daragt” filmi hem görkeziler.
Şeýle hem festiwalda Özbegistan bilen Türkmenistanyň bilelikde surata düşüren Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini açyp görkezýän çeper film hem kino tomaşaçylaryna hödürlener. Bu film golaýda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen “Gorkut ata” halkara festiwalynda hem görkezilipdi.
Gazagystanaky halkara kinofestiwaly Gazagystanyň Medeniýet we maglumat ministrligi tarapyndan guralýar. Onuň guramaçylaryň biri hem “Gazakfilm” milli kinostudiýasydyr.