Hormatly Prezidentimiziň Gruziýa döwlet saparynyň çäklerinde geçirilen Türkmen-gruzin işewürlik maslahatynyň dowamynda iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň 50-den gowragy geçirilip, olaryň dowamynda şertnamalar baglaşyldy we ähtnamalara gol çekildi. Hususan-da, “Döwrebap ulag merkezi” hojalyk jemgyýeti logistika hyzmatlary boýunça birnäçe gruzin kompaniýasy bilen Şertnama, “Tibet türkmen” hojalyk jemgyýeti Gruziýa konditer önümlerini eksport etmek boýunça Şertnama, “Gündogar Akymy” hojalyk jemgyýeti distribýuterligi almak boýunça Şertnama, “Şerbetli Ak gar” hojalyk jemgyýeti Gruziýa konditer önümlerini eksport etmek boýunça Şertnama, “Täç hil” hojalyk jemgyýeti Gruziýa himiki-ýuwujy serişdeleri eksport etmek boýunça Şertnama, “Ygtybarly ätiýaçlandyryş” AGPJ ätiýaçlandyryş hyzmatlary boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama, “Mizemez gadam” hususy kärhanasy bolsa gurluşyk harytlaryny satmak we almak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi.