(Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 15-nji iýuly)

Hor­mat­ly Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Pre­zi­diu­my­nyň ag­za­la­ry!
Bil­şi­ňiz ýa­ly, şu ýy­lyň 10-njy iýu­lyn­da Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­si ge­çi­ril­di. Mej­lis­de Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zy ös­dür­mek bo­ýun­ça 2026-njy ýy­lyň al­ty aýyn­da al­nyp bar­lan iş­le­riň jem­le­ri jem­len­di. Mej­li­siň do­wa­myn­da ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 35 ýyl­lyk to­ýu­na hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ne ýo­ka­ry de­re­je­de taý­ýar­lyk gör­mek bo­ýun­ça hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan de­giş­li tab­şy­ryk­lar be­ril­di.
Biz şu ýy­lyň sent­ýab­ryn­da äh­li hal­ky­myz bi­len bi­le­lik­de, ag­zy­bir­lik­de Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my­ny giň­den bel­läp ge­çe­ris. Bag­ty­ýar hal­ky­myz her ýyl Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň baş baý­ra­my­ny aý­ra­tyn buý­sanç bi­len gar­şy al­ýar. Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my ýur­du­myz hem-de hal­ky­myz üçin aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li, buý­sanç­ly, şan­ly wa­ka­dyr. Ýa­kyn­da Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my­ny ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, «Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 35 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nyp ge­çi­ri­len da­ba­ra­ly har­by ýö­ri­şe gat­na­şy­ja» at­ly ýu­bi­leý me­da­ly­ny dö­ret­mek ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny hem ka­bul edil­di.
Biz ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­lyk to­ýu­nyň bel­le­nil­ýän gün­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çi­re­ris. Mej­lis­de Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň ösü­şin­de ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­riň, ýe­ti­len sep­git­le­riň, ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň je­mi­ni jem­lä­ris. Döw­rüň ta­lap­la­ryn­dan ugur alyp, öňü­miz­de dur­ýan mö­hüm we­zi­pe­le­ri ara alyp mas­la­hat­la­şa­rys.
Şu gün­ki mej­li­si­miz­de bol­sa «Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­on ka­nu­ny esa­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ni ça­gyr­mak we ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mek bo­ýun­ça gu­ra­ma­çy­lyk to­pa­ry­ny dö­ret­mek, onuň ge­çi­ril­jek se­ne­si­ni kes­git­le­mek hem-de gu­ra­ma­çy­lyk to­pa­ry­nyň dü­zü­mi­ni tas­syk­la­mak ha­kyn­da de­giş­li res­mi­na­ma­la­ry ka­bul ede­ris. Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 35 ýyl­ly­gy hem-de «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan – be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­ly my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­jek çä­re­le­ri ara alyp mas­la­hat­la­şa­rys. Şeý­le hem zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ni ga­za­nan wa­tan­daş­la­ry­my­zy döw­let sy­lag­la­ry­na hö­dür­le­mek, ola­ra hor­mat­ly at­la­ry dak­mak bo­ýun­ça iş­le­riň al­nyp bar­ly­şy­na se­re­de­ris.
Hor­mat­ly mej­li­se gat­na­şy­jy­lar!
«Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan – be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­ly diý­lip at­lan­dy­ry­lan 2026-njy ýyl­da türk­me­niň meş­hur ahal­te­ke be­dew­le­ri­ni wasp et­mek we dün­ýä ta­nat­mak bo­ýun­ça mil­li hem-de hal­ka­ra de­re­je­de dür­li çä­re­ler ge­çi­ril­ýär. Şu ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri at­çy­lyk spor­ty bi­len meş­gul­lan­ýan ýaş­la­ry­myz Öz­be­gis­tan­da, Azer­baý­jan­da, Tür­ki­ýe­de we beý­le­ki ýurt­lar­da ahal­te­ke be­dew­le­ri­ne ba­gyş­la­nyp ge­çi­ri­len hal­ka­ra fes­ti­wal­la­ra, mas­la­hat­la­ra, çem­pio­nat­la­ra, gö­zel­lik bäs­le­şik­le­ri­ne gat­na­şyp, ýo­ka­ry us­sat­lyk­la­ry­ny gör­kez­di­ler. Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ryn­da, Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­syn­da, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da, RF-niň Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­syn­da at­lar we at­çy­lyk sun­ga­ty bi­len bag­ly çä­re­ler gu­ral­dy. At­şy­nas­lar­dyr hü­när­men­ler bi­len du­şu­şyk­lar ge­çi­ril­di. «Gal­ky­nyş» mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry şu ýyl Azer­baý­jan­da we Tür­ki­ýe­de türk­men mil­li at­çy­lyk sun­ga­ty bo­ýun­ça us­sat­lyk bi­len çy­kyş et­di­ler. Meş­hur ça­pyk­su­war­la­ry­myz Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Ka­zan şä­he­rin­de gu­ra­lan at­ly sport çä­re­le­rin­de üs­tün­lik­li çy­kyş edip, bi­rin­ji or­na my­na­syp bol­du­lar.
Gör­şü­miz ýa­ly, be­dew ýy­lyn­da ahal­te­ke at­la­ry­myz ba­bat­da köp san­ly uly äh­mi­ýet­li iş­ler ama­la aşy­ryl­dy. Hä­zir­ki wagt­da bol­sa Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li mö­hüm çä­re­le­ri ge­çir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar.
Hor­mat­ly mej­li­se gat­na­şy­jy­lar!
Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ne taý­ýar­lyk gör­mek bi­len bag­ly iş­le­riň çä­gin­de «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 – 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­sy», «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2022 – 2028-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy» ýa­ly esas go­ýu­jy res­mi­na­ma­la­ra la­ýyk­lyk­da, de­giş­li ýol­baş­çy­lar ne­ti­je­li iş­le­ri ama­la aşyr­ma­ly. Gel­jek ýyl­da ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­le­ri­ni dur­nuk­ly sak­la­mak, pu­dak­la­ry ös­dür­mek, tä­ze önüm­çi­lik­le­re ma­ýa go­ýum­la­ry gö­nük­dir­mek hem-de ila­ty­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni mun­dan beý­läk-de ýo­kar­lan­dyr­mak ba­bat­da dur­mu­şa ge­çi­ril­me­li çä­re­le­ri sel­jer­me­li. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, tä­ze iş orun­la­ry­ny dö­ret­mek, adam­la­ryň sag­ly­gy­ny ber­kit­mek, ömür do­wam­ly­ly­gy­ny uzalt­mak, ýaş­lar sy­ýa­sa­ty­ny ös­dür­mek, ila­tyň dur­muş go­rag­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek bu ugur­da­ky sy­ýa­sa­tyň esa­sy mak­sat­la­ry bol­ma­ly­dyr. Şeý­le hem bi­lim ber­me­giň, hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ma­gyň tä­ze usul­la­ry­ny or­naş­dyr­mak, der­man se­na­ga­ty pu­da­gy­ny ös­dür­mek, se­na­gat pu­dak­la­ry­ny, hu­su­san-da, ne­bit­gaz, hi­mi­ýa, gur­lu­şyk, ener­ge­ti­ka, dok­ma, oba ho­ja­lyk pu­dak­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­mek, şol san­da azyk howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri do­wam et­dir­me­li.
Hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­ni, je­bis­li­gi­ni, aba­dan­çy­ly­gy­ny ber­kit­mä­ge hem-de Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň has-da kuw­wat­lan­ma­gy­na ýar­dam ber­mek Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň baş mak­sa­dy we esa­sy we­zi­pe­le­ri bo­lup dur­ýar. Şeý­le-de ýur­du­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän mak­sat­na­ma­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ne halk köp­çü­li­gi­ni giň­den çek­mek, tek­lip­le­ri iş­läp taý­ýar­la­mak he­mi­şe üns mer­ke­zin­de bol­ma­ly­dyr. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty Mej­li­siň de­pu­tat­la­ry, ýur­du­my­zyň Hö­kü­me­ti bi­len ag­zy­bir­lik­de iş alyp ba­ryp, döw­rüň öňe sür­ýän we­zi­pe­le­ri­ne öz wag­tyn­da ses­len­mek, tek­lip­le­ri iş­läp taý­ýar­la­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­me­li.
Hor­mat­ly mej­li­se gat­na­şy­jy­lar!
«Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­on ka­nu­ny­nyň 19-njy mad­da­sy­na la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Di­wa­ny gu­ra­ma­çy­lyk to­pa­ry bi­len bi­le­lik­de aşak­da­ky iş­le­ri ýo­ka­ry de­re­je­de alyp bar­ma­ly:
1. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň ag­za­la­ry, de­pu­tat­lar, sy­ýa­sy we jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň iş­jeň ag­za­la­ry, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ry, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ne taý­ýar­lyk gö­rül­ýän dö­wür­de we mej­li­siň jem­le­ri bo­ýun­ça Halk Mas­la­ha­ty­nyň alyp bar­ýan iş­le­ri­niň ta­ry­hy, sy­ýa­sy-jem­gy­ýet­çi­lik äh­mi­ýe­ti ba­ra­da tä­sir­li wa­gyz-ne­si­hat çä­re­le­ri­ni, çy­kyş­la­ry, du­şu­şyk­la­ry giň­den ýo­la goý­ma­ly;
2. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ne taý­ýar­lyk gör­mek bo­ýun­ça iş­le­ri gu­ra­ma­çy­lyk to­pa­ry bi­len bi­le­lik­de me­ýil­na­ma esa­syn­da alyp bar­ma­ly;
3. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň ga­ra­ma­gy­na so­rag­la­ry taý­ýar­la­ma­ly we res­mi­na­ma­la­ryň tas­la­ma­la­ry­ny gu­ra­ma­çy­lyk to­pa­ry­nyň ýyg­nak­la­ryn­da des­lap­dan ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ly;
4. Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ne taý­ýar­lyk gör­mek bo­ýun­ça we­la­ýat­la­ryň, et­rap­la­ryň we şä­her­le­riň halk mas­la­hat­la­ry­nyň işi­ne gu­ra­ma­çy­lyk-usu­ly­ýet taý­dan ýol­baş­çy­lyk et­me­li;
5. Ra­ýat­lar­dan ge­lip gow­şan tek­lip­le­re, beý­le­ki ýüz­tut­ma­la­ra ga­ra­mak, ha­sa­ba al­mak bo­ýun­ça iş­le­ri alyp bar­ma­ly;
6. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ni ge­çir­me­giň mak­sat­na­ma­sy­ny taý­ýar­la­ma­ly;
7. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň işi­ni köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de be­ýan et­mek bi­len bag­ly ze­rur mag­lu­mat­la­ry taý­ýar­la­ma­ly;
8. Mej­li­se taý­ýar­lyk gör­mek bo­ýun­ça gu­ra­ma­çy­lyk iş­le­ri­ni Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry, de­giş­li mi­nistr­lik­ler we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry, we­la­ýat­la­ryň, Ar­ka­dag, Aş­ga­bat şä­her­le­ri­niň hä­kim­lik­le­ri, jem­gy­ýet­çi­lik bir­le­şik­le­ri bi­len bi­le­lik­de ut­ga­şyk­ly alyp bar­ma­ly;
9. Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 35 ýyl­ly­gy hem-de «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan – be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­ly my­na­sy­bet­li döw­le­ti­mi­ziň pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li, yn­san­per­wer içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­ny par­la­ment dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň üs­ti bi­len dün­ýä ýaý­mak, wa­gyz et­mek bo­ýun­ça mi­nistr­lik­ler we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry, sy­ýa­sy par­ti­ýa­lar, jem­gy­ýet­çi­lik bir­le­şik­le­ri bi­len al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri do­wam et­dir­me­li;
10. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň be­ren tab­şy­ryk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ýo­ka­ry zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ni ga­za­nan, halk ara­syn­da uly ab­raý­dan we sy­lag­dan peý­da­lan­ýan il­deş­le­ri­mi­zi döw­let sy­lag­la­ry bi­len sy­lag­la­mak, hor­mat­ly at­la­ry dak­mak bo­ýun­ça alyp bar­ýan iş­le­ri­mi­zi gu­ra­ma­çy­lyk­ly ýe­ri­ne ýe­tir­me­li. My­na­syp adam­la­ry hö­dür­le­mek hem-de bu iş­le­ri res­mi­leş­dir­mek bo­ýun­ça iş­le­ri öz wag­tyn­da ta­la­ba­la­ýyk alyp bar­ma­ly.
Hor­mat­ly Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Pre­zi­diu­my­nyň ag­za­la­ry!
Hor­mat­ly mej­li­se gat­na­şy­jy­lar!
Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň öňün­de ýur­du­my­zy ös­dür­mek bo­ýun­ça gel­jek­de hem uly we­zi­pe­ler dur­ýar. Halk Mas­la­ha­ty ýur­du­my­zyň Mej­li­si, Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti, jem­gy­ýet­çi­lik bir­le­şik­le­ri bi­len bi­le­lik­dä­ki iş­le­ri do­wam et­di­rip, Wa­ta­ny­my­zy mun­dan beý­läk-de hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mek bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­le­ri alyp bar­ma­ly.
Hor­mat­ly adam­lar!
Ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek, jem­gy­ýe­ti­mi­zi yzy­gi­der­li de­mok­ra­ti­ýa­laş­dyr­mak bo­ýun­ça ka­bul edi­len mak­sat­na­ma­la­ry üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça saz­la­şyk­ly iş­le­ri alyp bar­mak esa­sy we­zi­pe­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar. Biz gel­jek­de hem dür­li ugur­lar­da alyp bar­ýan öz­gert­me­ler sy­ýa­sa­ty­my­zy üs­tün­lik­li do­wam et­dir­mek üçin tä­ze tek­lip­le­riň üs­tün­de iş­le­me­li. Esa­sy mak­sa­dy­myz bol­sa ýur­du­my­zyň äh­li ila­ty­nyň aba­dan ýa­şaý­şy­ny üp­jün et­mek­den, her bir adam üçin amat­ly ýa­şa­ýyş gur­şa­wy­ny dö­ret­mek­den yba­rat­dyr.
Hor­mat­ly mej­li­se gat­na­şy­jy­lar!
Şeý­le­lik­de, biz Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ni ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek bi­len bag­ly iş­le­re res­mi taý­dan ba­dal­ga ber­ýä­ris. Si­ziň äh­li­ňi­ziň bu mö­hüm sy­ýa­sy-jem­gy­ýet­çi­lik çä­re­si­niň üs­tün­lik­li ge­çi­ril­me­gi­ne my­na­syp go­şant goş­jak­dy­gy­ňy­za berk ynan­ýa­ryn. Men si­ziň äh­li­ňi­ze berk jan sag­lyk, maş­ga­la aba­dan­çy­ly­gy­ny, alyp bar­ýan iş­le­ri­ňiz­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw ed­ýä­rin.