16-njy aprelde Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistan — Hytaý Halk Respublikasy: gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygyň 20 ýyly» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Forum iki döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we uzak möhletleýin energetika hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigini aýdyň görkezýän waka boldy. Ylmy-amaly maslahata iki ýurduň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary, öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalarynyň wekilleri, halkara bilermenler gatnaşdylar.
Türkmen tarapynyň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, Milli Liderimiziň ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagyny innowasiýa we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn strategiýasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär.
Soňra Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýana söz berildi. Ol bu maslahatyň taryhy ähmiýetine ýokary baha berip, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki zaman dünýäsinde strategik hyzmatdaşlygyň iň kämil we durnukly nusgasydygyny aýratyn belledi.


Din Sýuesýan Türkmenistanyň Hytaý üçin tebigy gazy ibermekde iň iri we ygtybarly hyzmatdaşdygyny aýtdy hem-de transmilli gaz geçirijiniň iki ýurduň ykdysady ösüşine goşýan ägirt uly goşandyny belledi. Şeýle-de ol energetika ulgamyndaky gatnaşyklaryň ekologiýa we «ýaşyl» ykdysadyýet bilen utgaşdyrylýandygyny aýdyp, hytaý tarapynyň tebigy gazy gazyp almakda we ibermekde döwrebap, az uglerodly tehnologiýalary ulanmak boýunça Türkmenistan bilen yzygiderli tejribe alyşmaga taýýardygyny tassyklady. Sözüniň ahyrynda Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary iki ýurduň arasyndaky energetika hyzmatdaşlygynyň hytaý we türkmen halklarynyň abadan durmuşynyň bähbidine geljekde has-da ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) direktorlar geňeşiniň başlygy Daý Houlýan öz çykyşynda bu hyzmatdaşlygyň häzirki zaman dünýä energetika bazarynda eýeleýän ornuna ýokary baha berdi. Ol iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik häsiýetini nygtamak bilen, energetika pudagynda ýola goýlan bilelikdäki hereketleriň ähmiýetine ünsi çekdi. Çykyşyň dowamynda energetika pudagyndaky strategik hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerine hem garaldy. Korporasiýanyň ýolbaşçysy bar bolan kuwwatlyklaryň giňeldilmegi boýunça alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň Hytaýyň barha artýan energiýa isleglerini kanagatlandyrmakda, sebitiň energetika durnuklylygyny saklamakda möhüm orny eýeleýändigini aýtdy. Sözüniň ahyrynda Daý Houlýan iki ýurduň döwlet ýolbaşçylarynyň syýasy erki we öňdengörüjiligi netijesinde kemala gelen hyzmatdaşlygyň bu nusgasynyň täze taryhy eýýamda has-da çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi.
Şertnama gol çekmek dabarasy boldy
Ýokary derejeli plenar mejlis tamamlanandan soňra, «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Hytaý Halk Respublikasynyň «CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd.» kompaniýasynyň arasynda «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyrynyň çäginde ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany we şol möçberde harytlyk gazy taýýarlamak üçin ýeterlik boljak ulanyş guýularyny taslamalaşdyrmak hem-de doly taýýar edip gurmak barada şertnama gol çekmek dabarasy boldy.
Soňra ylmy-amaly maslahatyň işi mowzuklaýyn mejlislerde dowam etdi. «Türkmenistanyň ileri tutulýan gaz taslamalary: serişdeler binýady, maýa goýum mümkinçilikleri we eksport infrastrukturasynyň ösüşi» atly mejlisde Türkmenistanyň ägirt uly uglewodorod serişdeleriniň binýady we olaryň dünýä bazaryndaky ähmiýeti barada giňişleýin durlup geçildi.
Eksport infrastrukturasynyň ösüşi baradaky mowzuklaýyn mejlisde Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň ähmiýetine üns çekildi. Bilermenler energiýa serişdelerini ibermegiň howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmekde döwrebap inženerçilik çözgütleriniň, sanly ulgamlaryň ornuny ara alyp maslahatlaşyp, Türkmenistanyň eksport infrastrukturasynyň Ýewraziýa giňişliginde energetika howpsuzlygynyň möhüm bölegine öwrülýändigini bellediler.
Maslahatyň «Türkmenistan — Hytaý ylym-bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmek we işgärleri taýýarlamak» atly ikinji mejlisi ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyga bagyşlandy. Duşuşygyň ynsanperwerlik ugry bilen baglylykda, ekologik durnuklylygy üpjün etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň gaz pudagynyň gazananlaryny we hytaýly hyzmatdaşlaryň öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryny görkezýän giň gerimli sergi ýaýbaňlandyryldy.
Halkara ylmy-amaly maslahat edilen çykyşlarda türkmen-hytaý gaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada gyzykly maglumatlar berildi:
2007-nji ýylyň 29-njy iýuly – Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşyk taslamasyna badalga berildi.
2007-nji ýylyň iýuly – «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çägine degişli Hytaýyň Milli nebit-gaz korporasiýasy kompaniýasy bilen önümi paýlaşmak hakynda şertnama gol çekildi.
2009-njy ýylyň 14-nji dekabry – uzynlygy 7000 kilometrden gowrak bolan serhetüsti Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi ulanmaga berildi.
2013-nji ýylyň sentýabry – «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň birinji tapgyrynyň çäginde gurlan, ýylda 30 milliard kub metr harytlyk gaz kuwwaty bolan döwrebap desgalaryň açylyşy boldy.
2022-nji ýylyň iýuny – «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäginiň günbatar bölegindäki gaz känlerinden alynýan tebigy gazy jemleýän gaz gysyjy desga işe girizildi.
2026-njy ýylyň apreli – «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd.» kompaniýasynyň arasynda «Galkynyş» käniniň IV tapgyrynyň çäginde, ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gaz öndürýän guýulary we tebigy gazy taýýarlaýjy desgany taslamalaşdyrmak hem-de doly taýýar edip gurmak baradaky Şertnama gol çekildi.
2007-nji ýylda Türkmenistan bilen Hytaý Amyderýanyň sag kenaryndaky «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çägi boýunça önümi paýlaşmak hakynda şertnama gol çekdiler. Potratçy iki sany gazy gaýtadan işleýän zawodyň, gazy deslapky taýýarlaýyş desgasynyň we degişli düzümleriň gurluşygyna 10,7 milliard dollar maýa goýdy.
Amyderýanyň sag kenarynda gaz çykaryşynyň umumy möçberi 190 milliard kub metre ýetdi. Hytaý kompaniýasy Türkmenistanda 13 milliard ABŞ dollaryndan gowrak maýa goýup, 1,4 milliard dollar möçberinde salgytlary we ýygymlary töläp hem-de 8 000-den gowrak ýerli iş ornuny döredip, durmuş borçnamalarymyzy yzygiderli ýerine ýetirdi.
Häzirki wagtda «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäkde 8 700 adam işleýär, olaryň 90 göteriminden gowragy Türkmenistanyň raýatlarydyr.
Hytaý tarapy taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde taýýarlykly türkmen hünärmenleriniň gatnaşmagyny yzygiderli giňeldýär we ýaş türkmen raýatlaryny Hytaýyň nebit uniwersitetine okuwa ibermek bilen hünärmenleri taýýarlamak baradaky borçnamalaryny berjaý edýär.
CNPC kompaniýasy 200-e golaý talyp üçin talyp haklaryny berdi we tejribe okuwlaryny gurady, şeýle hem 56 000-den gowrak türkmen hünärmeniniň hünär kämilleşdiriş okuwyny geçmegine goşant goşdy.
Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň gaz pudagynyň gazananlaryny we hytaýly hyzmatdaşlaryň öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryny görkezýän giň gerimli sergi ýaýbaňlandyryldy.