Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Martin Bruk ýokary okuw mekdebiniň rektory we ýolbaşçy düzümi bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň esasy maksady – iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky ylmy-bilim hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmekden, häzirki zaman bilim tejribelerini paýlaşmakdan we geljegi uly bolan bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň täze mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň uniwersitetleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň we akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny işjeňleşdirmegiň wajypdygyny nygtadylar. Esasan hem, ynsanperwer ylymlary, halkara gatnaşyklary, diplomatik ugurlar we dünýä ykdysadyýeti ýaly ugurlarda italýan ýokary okuw mekdepleri bilen tejribe alyşmak meselelerine aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň çäginde taraplar ýokary okuw mekdebinde italýan medeniýetini, taryhyny we dilini öwrenmäge bolan gyzyklanmany goldamak, okuw maksatnamalaryny baýlaşdyrmak barada hem pikir alyşdylar.
Çeşme: Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti
PDF









