Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlary – biotehnologiýa kafedrasynyň müdiri O.Soltanowa we molekulýar biologiýa we genetika kafedrasynyň müdiri D.Porrykow Belarusyň Milli ylymlar akademiýasy tarapyndan 5 – 6-njy sentýabrda geçirilen «Ylym festiwaly – 2026» çäresine gatnaşmak üçin Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde iş saparynda boldular.
Sekizinji gezek geçirilýän «Ylym festiwaly» ýurduň iň meşhur ylmy çäreleriň biri bolup, Minsk şäheriniň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny iň soňky ylmy ösüşler bilen tanyşdyrýar hem-de olara ylym we tehnologiýa dünýäsinden täze bilimleri öwrenmäge ýardam berýär.
Festiwalyň dowamynda Belarusyň Milli ylymlar akademiýasynyň ähli ylmy-barlag institutlary we merkezleri özleriniň innowasion işlerini görkezdiler. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri hem biotehnologiýa ugrundan işlenip taýýarlanan taslamalary bilen çykyş etdiler. Olaryň taýýarlan ylmy çözgütleri festiwala gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Olar Belarusyň dürli ylmy-barlag institutlaryndan gelen professorlar we ylmy işgärler bilen genetika we seleksiýa, mikrobiologiýa, iýmit we oba hojalyk biotehnologiýasy ugurlarynda alyp barýan ylmy işleri boýunça özara pikir alyşdylar.
PDF








