Türkmen küştçüsi Saparmyrat Atabaýew Özbegistanyň Daşkent şäherinde 3-11-nji fewral aralygynda geçirilen “Al-Beruniy” (Futures) 2-nji halkara küşt ýaryşynyň ýeňijisi boldy.
25 ýaşly halkara ussady (FIDE reýtingi-2516), mümkin bolan 9 utukdan 7 utuk toplady.
Ikinji orunda, şol bir deň utuk bilen hindistanly grossmeýster Pa Inýan (FIDE reýtingi-2523) ýerleşdi. Şunlukda, aýgytlaýjy, goşmaça oýunlaryň netijesinde Atabaýew Hindistandan gelen garşydaşyny ýeňmegi başardy. Ýaryşyň baýrakly üçünji orny Belarus döwletinden grossmeýster Mihail Nikitenko eýeledi (FIDE reýtingi-2512).
Ýaryş nusgawy (klassik) görnüşde geçirildi. Bu ýerde Özbegistandan, Hindistandan, Russiýa Federasiýasyndan, Şwesiýadan, Belarusdan we beýleki döwletlerden grossmeýsterler we FIDE ussatlary jemlendi.
Bu ýaryşda ýeňiş, Saparmyrat Atabaýewe halkara grossmeýster derejesi berilmegi üçin zerur üçünji (jemleýji) kadany ýerine ýetirmäge mümkinçilik döretdi. Resmi karar Halkara küşt federasiýasynyň geňeşiniň (FIDE) mejlisinde kabul ediler.