20-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada  Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Gepleşigiň dowamynda türkmen-rus gatnaşyklarynyň gün tertibinde duran birnäçe meseleler maslahatlaşyldy.

«Taraplar Türkmenistan bilen Russiýanyň ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de berkitmek meselelerine aýratyn üns berdiler. Şunda birnäçe bilelikdäki bilim we medeni taslamalary öňe sürmek boýunça işleri işjeňleşdirmegiň wajyplygy bellenildi» diýlip, DIM-niň metbugat üçin habarynda aýdylýar.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary şeýle hem öňde boljak duşuşyklar, şol sanda şu ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanda geçirilmegi göz öňünde tutulýan iň ýokary we ýokary derejedäki köptaraplaýyn çäreler barada hem durlup geçildi.

Telefon arkaly söhbetdeşlik rus tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.