«Boeing» kom­pa­ni­ýa­sy Af­ri­ka­da ýo­lag­çy­la­ryň art­ma­gy ne­ti­je­sin­de, se­bi­tiň ýo­lag­çy uçar flo­tu­nyň 2044-nji ýy­la çen­li iki es­se art­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýan­dy­gy­ny mä­lim et­di. Şeý­le­lik­de, uçar­la­ryň sa­ny 1 müň 680-e ýe­ter. Af­ri­ka ýurt­la­ry se­bi­ta­ra we hal­ka­ra gat­naw­lar üçin bir ko­ri­dor­ly uçar­la­ry has köp sa­tyn alar­lar. Ýaş ilat, girdejileri çalt artýan or­ta gürp­li halk, şä­her ila­ty­nyň köpelmegi we ae­ro­port­la­ra bar­ýan ýol inf­rast­ruk­tu­ra­sy­na go­ýul­jak ma­ýa go­ýum ösü­şe tä­sir eder. Se­bi­tiň howa ­gat­naw­la­ry ýyl­da or­ta­ça 6 gö­te­rim ar­tar. Şeý­le hem has ar­zan ba­ha­ly awia­kom­pa­ni­ýa­la­ryň Ýew­ro­pa we Ýa­kyn Gün­do­gar ýurt­la­ry­na gat­naw­la­ry ýo­la go­ýlup, yk­dy­sa­dy ösü­şe gol­daw be­rer. Bu ösüş sy­ýa­hat­çy­lyk, tä­jir­çi­lik, ma­ýa go­ýum, lo­gis­ti­ka, myh­man­ha­na, önüm­çi­lik we hyz­mat­lar pu­dak­la­ryn­da tä­ze iş orun­la­ry­nyň dö­re­me­gi­ne ge­ti­rer. Di­ňe awia­si­ýa pu­da­gynda 74 müň iş or­ny peý­da bo­lar.

Döwletgeldi Garabatyrow,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.