UEFA Çempionlar Ligasynyň täze görnüşdäki ilkinji möwsüminiň liga tapgyry tamamlandy. Häzirki wagtda 24 topar ýaryşy dowam edip, 12 klub üçin möwsüm jemlendi. UEFA haýsy toparyň liga tapgyryndan näçe girdeji gazanandygyny mälim etdi. Klublaryň UEFA-dan alýan tölegleri geçen möwsüme garanyňda, 400 million ýewro golaý artdyryldy. Toparlara mundan öň gatnaşany üçin 15,64 million ýewro berilýärdi. Şu möwsümde bu 18,62 million ýewro deň boldy. Her ýeňiş üçin 2,1 million ýewro, deňme-deňlik üçinem 700 müň ýewro berilýär.

UEFA klublara sanawdaky orunlaryna görä-de 183,15 million ýewrony paýlap, mysal üçin sanawyň lideri «Liwerpulyň» paýyna 9,9 million ýewro, iň soňky «Ýang Boýza» 275 müň ýewro düşdi.

Pleý-off tapgyryna çykan toparlaryň hersinde 11 million ýewro berlip, ilkinji 8 orunda tamamlanlara goşmaça ýene 2 million ýewro pul baýragy paýlanar.

Çärýek finala çykan klublara 12,5 million ýewro, ýarym finalçylar 15 million ýewro pul baýragy bilen sylaglanar. Finalda oýnan toparlaryň ikisi-de 18,5 million ýewro alsa, çempiona goşmaça 6,5 million ýewro, jemi 25 million ýewro pul baýragy berler.

Netijede, liga tapgyrynyň netijesinde sanawy 1-nji orunda tamamlan «Liwerpul» 56,2 million ýewro, 2-nji ýerdäki «Barselona» 54,5 million ýewro, 3-nji basgançakdaky «Arsenal» 54,2 million ýewro pul baýragyna mynasyp boldy.

1/8 finala hem-de pleý-off tapgyryna çykan toparlaryň gazanan pul baýraklary:

1) «Liwerpul» – 56,2 mln ýewro

2) «Barselona» – 54,5 mln ýewro

3) «Arsenal» – 54,2 mln ýewro

4) «Inter» – 53,9 mln ýewro

5) «Atletiko» – 53 mln ýewro

6) «Baýer» – 51,3 mln ýewro

7) «Lill» – 51 mln ýewro

8) «Aston Willa» – 50,7 mln ýewro

9) «Atalanta» – 37,8 mln ýewro

10) «Borussiýa Dortmund» – 37,5 mln ýewro

11) «Real Madrid» – 37,2 mln ýewro

12) «Bawariýa» – 36,9 mln ýewro

13) «Milan» – 36,7 mln ýewro

14) PSW – 35,7 mln ýewro

15) PSŽ – 34,7 mln ýewro

16) «Benfika» – 34,4 mln ýewro

17) «Monako» – 33,2 mln ýewro

18) «Brest» – 32,9 mln ýewro

19) «Feýenoord» – 32,6 mln ýewro

20) «Ýuwentus» – 31,6 mln ýewro

21) «Seltik» – 31,4 mln ýewro

22) «Mançester Siti» – 30,4 mln ýewro

23) «Sporting» – 30,1 mln ýewro

24) «Klub Brýugge» – 29,8 mln ýewro