Uly ekranly sowadyjysyny tanyşdyrdy

112

“Sam­sung” kom­pa­ni­ýa­sy uly ek­ran­ly so­wa­dy­jy­sy­ny ta­nyş­dyr­dy. Ek­ra­nyň ga­pa­gyn­da ulu­ly­gy 32 dýuým bo­lan sen­sor­ly mo­ni­tor ýer­leş­di­ri­lip­dir. “Bes­po­ke Fa­mi­ly Hub Plus” at­ly öý ho­ja­lyk teh­ni­ka­sy 5-nji ýan­war­da ABŞ-nyň Las We­gas şä­he­rin­de öz işi­ne baş­la­jak Hal­ka­ra elekt­ron en­jam­la­ry­nyň ser­gi­sin­de köp­çü­li­ge gör­ke­zi­ler. Ko­reý bren­di­niň hä­zi­re çen­li ön­dü­ri­en iň uly ek­ran­ly so­wa­dy­jy­sy bir­nä­çe mo­bil prog­ram­ma bi­len saz­la­şyk­ly iş­läp bil­ýär.
Bu ek­ran­da wi­deo­la­ra to­ma­şa edip, “SmartT­hings” en­jam­la­ry­ny we beý­le­ki “akyl­ly” öý en­jam­la­ry­ny do­lan­dy­ryp, na­ha­ryň bi­şi­ri­li­şi­ne öw­re­nip bi­ler­si­ňiz. Şeý­le hem “Sam­sung TV Plus” prog­ram­ma­sy ar­ka­ly te­le­ýaý­lym­la­ra hem to­ma­şa edip bo­lar. Mun­dan baş­ga-da azyk önüm­le­ri­ni we taý­ýar ta­gam­la­ry in­ter­net ar­ka­ly sar­gyt ka­bul ed­ýän ýer­ler­den sar­gyt edip bo­lar.
So­wa­dy­jy­nyň il­kin­ji no­bat­da ABŞ-da we Gü­nor­ta Ko­re­ýa­da sa­tu­wa çy­ka­ryl­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.

Ha­ky Ke­ri­mow, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.