Dünýäniň öňdebaryjy bölek söwda kompaniýasy bolan “Amazon” harytlaryny kiçi dronlar arkaly müşderileriniň salgylary eltmek hyzmatyny ýola goýdy. Kompaniýanyň artykmaçlyklary hödürleýän “Prime Air” hyzmatyndan peýdalanýan müşderiler üçin elýeterli bolan bu hyzmatyň çäginiň giňeldilmegi göz öňünde tutulýar. Kompaniýa şu ýylyň iýulynda “Prime Air” hyzmatynyň ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky müşderileri üçin ulanyşa goýberiljekdigini mälim edipdi. Bu hyzmaty hödürlemek üçin ABŞ-nyň Federal Awiasiýa edarasynda degişli ygtyýarnamany alan kompaniýa käbir ştatlarda dronly haryt eltmek hyzmatyny yzygiderli ýola goýdy. Şeýlelikde, umumy agramy 5 funtdan (2,2 kg) az bolan harytlar dron arkaly müşderilere ýetiriler. Maglumatlara görä, kompaniýanyň müşderileriň salgysyna eltýän sargytlarynyň 85 göterimi şol agyrlykdan ýeňildigi mälim edildi. Häzirki wagtda Kaiforniýa bilen bir hatarda Tehasyň hem käbir ýerinde ýola goýlan hyzmatdan peýdalanýan müşderiler sargydynyň öýüne çen bilen näçe wagtdan geljekdigini öňünden habar berýär.
“Prime Air” hyzmatynyň çäklerinde “Amazon” alty perli “MK27-2” awtomatlaşdyrylan dronlardan peýdalanýar. Bu dron öňünde çykýan dürli päsgelçilikleri aňyp, sowulyp geçip bilýär.
Arifa Mamedowa, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.
PDF









