Watançylyk ýörelgeleri halk paýhasyny özünde jemleýän gymmatly kitaplarda saklanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna özboluşly sowgady bolan «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitaby türkmen ruhunyň almaz täjine deňelýän Magtymguly Pyragynyň döredijiligi hakynda söz açýan dürdäne eserdir. Eseriň beýik akyldar şahyra bagyşlanmagy ýönelige däldir. Çünki Magtymguly Pyragy öz döredijiligine hakyky türkmen ruhuny, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi siňdiren beýik şahsyýetdir.
Watany söýmek, ony goramak duýgusy halkyň bagtyýarlygynyň, asudalygynyň kepilidir. Watançylyk türkmen halkyna gan bilen, ene mähri, ata göreldesi bilen siňip, arkama-arka geçip gelýän belent duýgudyr. Bu duýgy adamyň ýaşaýşa bolan höwesini artdyrýar, geljege bolan ynamyny berkidýär, ata, ene, ojak, maşgala, perzent ýaly mukaddesliklere imrindirýär. Bu dünýägaraýyş hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynda: «Ýaşlary pederlerimizden miras galan milli häsiýetler, watançylyk ruhy esasynda terbiýelemek, olaryň il-ýurda, halka, Watana bolan söýgüsini gazanmak üçin Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündewlerine berk eýermelidiris» diýen buýsançly sözler arkaly şöhlelenýär.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi özünden öňki ýaşap geçen şahyrlaryň döredijilik gözlegleriniň jemi, ondan soňky şahyrlar üçin belent nusga bolup durýar. Şahyryň döredijiliginde türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda ýüreginde besläp gelen mukaddes arzuw-islegleri, uly umytlary öz şöhlelenmesini tapypdyr. Şol asylly arzuw-islegleriň, beýik umytlaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli amala aşyrylýandygy her bir türkmeniň guwanç hem buýsanç duýgularyny galkyndyrýar.
Akyldar şahyr Watany ähli zatdan eziz görüpdir. Öz ykbalyny halk bilen baglan şahyr halkynda Watana bolan söýginiň, wepadarlygyň ösmegi üçin şeýle nesihat edýär:
Hydyr gezen çölde iller ýaýylsyn,
Ýurt binamyz gaýym bolsun, goýulsyn,
Çille mest nerlermiz barga aýylsyn,
Bir suprada eda bolsun aşymyz.
Pederlerimiziň watançylyk ýörelgelerine ygrarlylykda ýurdumyzyň parahatçylygyny hem-de asudalygyny pugtalandyrmakda bimöçber aladalar edýän Milli Liderimiziň, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, halk bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Hydyr ABAKOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň medeniýet we metbugat bölüminiň uly gözegçisi, polisiýanyň kapitany.