Hindistan we Şwesiýa Ýer ýüzüniň alymlaryna Gün ulgamynyň iň uly syrlaryndan birini çözmäge, ýagny geçmişde Ýer planetasyna meňzeş bolan Weneranyň näme sebäpden jansyz meýdana öwrülendigini anyklamaga ýardam etjek bilelikdäki kosmos missiýasyny taýýarlaýar.
Hindistanyň Kosmos gözlegleri guramasy (ISRO) 2028-nji ýylda pilotsyz “Venus Orbiter Mission” atly zondy uçurmagy meýilleşdirýär. Bu taslama Şwesiýanyň Kiruna şäherindäki Kosmos fizikasy institutynyň (IRF) alymlary hem gatnaşyp, olar zonda gurnaljak “Venusian Neutrals Analyzer” diýen ýörite ylmy enjamy işläp taýýarladylar. Şol guralyň kömegi arkaly Weneranyň atmosferasynyň kosmos giňişligi hem-de Gün şemaly bilen özara täsirini öwrenmek göz öňünde tutulýar. Hünärmenler bu gözlegleriň wagt wezipesinde “ekizler” hasaplanan iki planetanyň näme üçin bir-birinden bütinleý tapawutly ýollar bilen ösendigini düşündirmäge kömek etjekdigine ynanýarlar.
Ylmy çaklamalara görä, milliardlarça ýyl mundan ozal Wenerada hem Ýerdäki ýaly ummanlar bolupdyr, emma wagt geçdigiçe planeta öz suwuny bütinleý ýitirip, onuň atmosferasy Ýerdäkiden, takmynan, 100 esse dykyzlaşypdyr. Kosmos fizikasy institutynyň professory Stas Barabaşyň bellemegine görä, bu ýagdaýa planetanyň öz hususy magnit meýdanynyň bolmazlygy sebäp bolup biler, çünki Ýer planetasyny Gün radiasiýasyndan hut şeýle gorag meýdany goraýar. Bu taslama şwed alymlarynyň Wenerany öwrenmek baradaky ilkinji işi däldir. Mundan ozal olar Ýewropa kosmos agentliginiň 2006-2014-nji ýyllar aralygynda planetanyň orbitasynda işlän «Venus Express» missiýasyna hem gatnaşypdylar we şol döwürde alnan ylmy maglumatlar häzirki günde-de işjeň ulanylýar.
PDF









