Global “ýaşyl” energiýa önümçilik kuwwaty geçen ýyl ozalky ýyla garaňda, 44 göterim artyp, 109 müň tonna ýetdi. Merkezi edarasy Londonda ýerleşýän “GlobalData” maslahat beriş şereketi tarapyndan taýýarlanan maglumatda geçen ýyl dünýäde arassa çeşmelerden wodorod önümçiligi bilen bagly 400-e golaý ylalaşyga gol çekilendigi bellenilýär. Bilermenler bu ugurda durmuşa geçirilýän taslamalaryň artyşynyň dowam eden ýagdaýynda ýyllyk wodorod önümçiliginiň 2030-njy ýyla çenli 111 million tonnadan geçjekdigini belleýärler. Geçen ýylyň ahyrynda bolsa, taslamalaryň önümçilik kuwwaty 166 million tonna ýetipdir. Olaryň 90 göterimini pes uglerodly taslamalar emele getirýär. Şeýle hem bu ugurdaky tehnologiýa hem kämilleşdirýär. Bu ugurda kompaniýalaryň arasyndaky hyzmatdaşlyklaryň hem 66 göterim artyp, şertnamalaryň umumy bahasy 24,4 milliard dollara ýetipdir.
Geçen ýyl ABŞ, Daniýa, Müsür, Kanada we Portugaliýa döwletleri 111,9 million tonna az uglerodly wodorod taslamasyny durmuşa geçirýändiklerini mälim etdiler. Kanadanyň “Green Hydrogen International” kompaniýasy umumy önümçilik kuwwaty 43 million tonna bolan iki sany taslamany durmuşa geçirjekdigini mälim etdi. Kanadanyň ýolbaşçylary şeýle taslamalary durmuşa geçirmek üçin halkara hyzmatdaşlygyny artdyrjakdygy aýtdylar.
Maýsa Nazarowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
PDF









