Howanyň yssy günlerinde adatça matadan tikilen öňi saýawanly başgaplar geýilýär. Başgap geýmek kelläni yssydan ýa-da sowukdan goramaga ýardam edýär. Şeýle-de bolsa käbir ýurtda moda ýa-da bezeg maksady bilen hem täsin başgaplar geýilýär. Halklaryň köpüsinde özüniň milli başgaby bolup, bu ugurda wýetnamlylaryň tegelek şlýapasy ünsi özüne çekýär.
«Non la» wýetnam medeniýetiniň möhüm nyşanlarynyň biri hasaplanýar. Köpçüligiň arasynda «bambuk şlýapa» diýilýän tegelek şlýapa öz gözbaşyny XIII asyrdan alyp gaýdýar. Tran dinastiýasy döwründe oýlanyp tapylan bu şlýapa taryh we däp-dessurlar bilen baglanyşyklydyr. Başgabyň bu görnüşi palma ýapragyndan we bambugyň çybygyndan ýasalýar. Ilki bambuk agajynyň çybygyndan şlýapanyň gabarasy ýasalýar. Soňra 24-35 sany palma agajynyň ýapraklary gezekli-gezegine geçirilip dokalýar. Taýýar bolan şlýapa senetçiler tarapyndan dürli şekiller we nagyşlar bilen bezelýär. «Non la» Wýetnamda sungat eseri hökmünde görülýär. Çünki şlýapada gizlin suratlar we ýazgylar ýerleşdirilip, ony diňe Güne tutanyňda görüp bolýar. Ujy çüri, tegelek gurşawly bu şlýapa ýagyş geçirmeýändigi bilen tapawutlanýar. Ekerançylardan başlap islendik adam «non la» geýip musson ýagyş möwsümini geçirip bilýär. Adatça «non la» şlýapasyny 4-8 sagat aralygynda dokap bolýar.
Wýetnamda «non la» şlýapasyndan başga-da, muong halkynyň başgaby bolan «muong» şlýapasy, «tho cam» moda şlýapasy, döredijilik adamlarynyň geýýän «taý» şlýapasy, toýda gelinleriň geýýän «non co dau» (taci) şlýapasy we şäherde geýilýän häzirki zaman şlýapa görnüşleri bar. «Non la» şlýapasy soňky ýyllarda halkara derejesinde geçirilýän festiwallarda we moda sergilerinde elýetmez aksessuarlaryň birine öwrülýär. Wýetnama barýan syýahatçylar ýadygärlik sowgady hökmünde ýanlary bilen hökman «non la» alyp gaýdýarlar.