(Tymsal)
Bir ýola iki dostuň sözi azaşyp, biri beýlekisiniň ýüzüne bir şarpyk çalypdyr. Şapbadyň zarbyna erbet awunan dosty sesini çykarman, çägäniň ýüzüne «Şu gün jan ýaly dostumdan şapbat iýdim» diýip ýazypdyr.
Olaryň ýoly güýçli akýan derýanyň üstünden düşüp, suwdan geçip barýarkalar şapbat iýen dosty suwa taýyp, gark bolup barýan eken. Ýöne dosty ony halas edipdir. Ol özüne gelenden soň, derýanyň kenaryndaky uly daş bölegine «Şu gün jan ýaly dostum meni halas etdi» diýip ýazypdyr.
Dostuna şarpyk uran hem-de ony halas eden öz dostundan sorapdyr:
– Haçan-da seni kemsidemde, sen ony çägä ýazdyň, indi bolsa, daşa ýazýarsyň. Näme üçin?
Dosty şeýle jogap beripdir:
– Haçan-da, kimdir biri bizi kemsidende, ýelleriň süpürip taşlamagy we ýatdan çykarmagymyz üçin ony çägä ýazmaly. Ýöne, haçan-da, kimdir biri bize ýagşylyk eden-de, hiç bir ýel-ýagmyr oňa kär etmez ýaly daşyň ýüzüne oýup ýazmaly.
Ýagşylyk – al-asmanda, ýamanlyk – aýak astynda.