Lissabondaky duşuşykda 1 oýunçy azdygyna garamazdan, Rafinýanyň goly bilen ýeňişli dolanan “Barselona” öz meýdançasynda-da “Benfika” hötde gelmegi başardy. Çekeleşikli geçen oýunda “Barselona” 3-1 hasabynda ýeňiş gazanyp, yzly-yzyna 2-nji, umumylykda 21-nji gezek çärýek finalda oýnamaga hukuk gazandy. Duşuşygyň 11-nji minutynda Ýamalyň ajaýyp pasyndan soň Rafinýa hasaby açdy. Bu goldan 2 minut soňam Nikolas Otamendiniň goly bilen “Benfika” hasaby deňledi. Duşuşygyň 27-nji minutynda Lamin Ýamal bu gezek owadan urgy bilen topy derwezä girizdi. Ol Çempionlar Ligasynda bir oýunda hem gol geçiren, hem-de asist eden şeýle-de, ol Çempionlar Ligasynda 5 asist eden iň ýaş futbolçy boldy (17 ýaş 241 gün). Duşuşygyň 41-nji mintynda bolsa Rafinýa oýundaky 2-nji goluny geçirdi. Onuň şu möwsümdäki gollarynyň sany 11-e ýetip, ol bu ugurda iň öňdäki orunda barýar. Oýnuň 2-nji ýarymynda hasap üýtgemedi we “Barselona” 2 duşuşygyň netijesi boýunça 4-1 hasabynda üstün çykyp, çärýek finala adyny ýazdyrdy.