Angliýanyň çempionatynda 29-njy tapgyryň jemleýji oýnunda, London derbisinde “Tottenham” bilen “Kristal Palas” duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda “Kristal Palas” 3-1 hasabynda ýeňiş gazandy. Ýogsam duşuşykda “Tottenham” 34-nji minutda Dominik Solankeniň goly bilen öňe-de geçdi. Ýöne 38-nji minutda merkezi goragçy Miki wan de Weniň gyzyl kart almagyndan soň, oýnuň ykbaly düýpgöter üýtgedi. 7 minutda 3 gol geçiren “Kristal Palas” toparynda 40-nji minutda penaltini dürs uran Ismaila Sarr hasaby deňledi. Myhmanlar 45-nji minutdan soňam ýene 2 gol geçirmegi başardy. 45+1-nji minutda täze transfer Strann-Larsen “Kristal Palasy” öňe saýlasa, 45+7-nji minutda Ismaila Sarr özüniň 2-nji goluny geçirip, oýna soňky nokady goýdy.

Şunlukda, golaýda Igor Tudory wagtlaýynça tälimçi bellän “Tottenham” toparynyň ýeňişsiz ýörişi dowam edýär. Demirgazyk Londonyň wekili 2026-njy ýyla geçip, çempionatda bir oýunda-da ýeňiş gazanyp görmedi. Soňky gezek geçen ýylyň 28-nji dekabrynda “Kristaly Palasy” myhmançylykda 1-0 hasabynda ýeňen “Tottenham” topary şondan bäri geçiren 11 duşuşygynda-da ýeňiş gazanyp bilmedi. Täze möwsüme Tomas Frankyň tälimçiliginde başlan “Tottenham” topary şol 11 oýnuň 4-sinde deňme-deň oýnap, 7-sinde ýeňlişe sezewar boldy.

Golaýda klubuň eýesi topar aşaky liga düşse, futbolçylaryň aýlyklaryny 50 göterim azaltjakdygyny aýdypdy. Ýöne muňa garamazdan, toparda ýeňiş gazanmakda öňe gidişlik bolman, “Tottenham” her tapgyrdan soň aşaky orunlara sary barýar. Häzirki wagtda 29 oýundan soň, toparyň 29 utugy bolup, 16-njy basgançakda barýar. “Tottenham” topary geçen möwsümde-de çempionaty aşaky liga düşen toparlaryň bir basgançak üstünde, 17-nji orunda tamamlapdy. Ýöne muňa garamazdan, Anž Postekoglunyň tälimçiliginde UEFA-nyň 2-nji derejeli ýaryşynyň finalynda “Mançester Ýunaýtedi” ýeňip, Ýewropa Ligasynyň çempionlygyny gazanypdy. Bu olaryň Ýewropada 41 ýyldan, umumylykda bolsa 17 ýyldan soň gazanan ilkinji kubogy bolupdy.