Dün­ýä­de iň köp iýilýän gök-bak­ja önüm­le­ri­niň bi­ri bo­lan ýe­ral­ma­nyň 5 müň­den gow­rak gör­nü­şi bar. And dag­la­ry­nyň ete­gi, Gü­nor­ta Ame­ri­ka­nyň Pe­ru, Bo­li­wi­ýa, Ek­wa­dor, Çi­li we Ar­gen­ti­na ýa­ly se­bit­le­ri ýe­ral­ma­nyň il­kin­ji me­de­ni­leş­di­ri­len ýer­le­ri ha­sap­lan­ýar. Köp­lenç ýe­ral­ma­nyň ata Wa­ta­ny diý­lip Pe­ru döw­le­ti at­lan­dy­ryl­ýar. Ar­heo­lo­gik ta­pyn­dy­lar 10 müň ýyl mun­dan ozal bu se­bit­de ýer­li ilat ta­ra­pyn­dan ýe­ral­ma­nyň eki­len­di­gi­ni gör­kez­ýär. Il­ki­baş­da aga­jyň kö­ki ýa­ly eg­rem-bug­ram gör­nüş­de bo­lan gök eki­niň bu gör­nü­şi ýüz ýyl­lyklaryň do­wa­myn­da seç­gi iş­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de, hä­zir­ki­le­re meň­zeş – da­şy ýyl­ma­nak, owa­dan gör­nü­şe ge­ti­ril­ýär.
Pe­ru­nyň ýe­ral­ma ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän eke­ran­çy­lyk mer­kez­le­ri:
Kus­ko. Bu şä­her­de gyr­my­zy-sa­ry reňk­den gy­zyl reň­ke çen­li ýe­ral­ma­nyň bir­nä­çe gör­nü­şi­ni gör­mek bol­ýar. Reňk­li ýe­ral­ma­la­ryň me­ka­ny bo­lan Kus­ko­da gök- bak­ja eki­ni­niň bu gör­nü­şi da­gyň 3 – 4 müň 200 metr be­lent­lik­le­rin­de ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Bu ýer­de ýe­ral­ma eki­len meý­dan­la­ry su­war­mak üçin tä­sin teh­no­lo­gi­ýa­lar ula­nyl­ýar.
Ti­ti­ka­ka kö­li. Pe­runyň we Bo­li­wi­ýa­nyň ser­he­din­de – 3812 metr be­lent­lik­de ýer­leş­ýän kö­lüň tö­we­re­gin­de aý­ma­ra hal­ky ýe­ral­ma­nyň dür­li gör­nüş­le­ri­ni ös­dü­rip ýe­tiş­dir­ýär­. Bu ýer­de ýe­ral­ma­dan doň­du­ryp, Gü­ne gu­rat­mak ar­ka­ly çu­no taý­ýar­la­nyl­ýar. Bu usul And dag­la­ry­nyň 4 müň metr­lik be­lent­lik­le­rin­de ýa­şa­ýan hal­kyň ýe­ral­ma­ny za­ýa­la­man uzak wagt­lap sak­la­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär.
Keramatly jül­ge. And dag­la­ry­nyň ete­gin­de, Kus­ko şä­he­ri­niň de­mir­ga­zy­gyn­da ýer­leş­ýän bu jül­ge ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri ha­syl­ly top­ra­gy bi­len ta­nal­ýar. Bu ýer­de ýe­ral­ma bar­lag­ha­na­la­ryn­da­ky iş­ler bi­len ýa­kyn­dan tan­şyp bol­ýar. Şeý­le hem ga­dy­my ýe­ral­ma fer­ma­la­ry­na ba­ryp, gök-bak­ja önü­mi­niň ta­ry­hy bi­len bag­la­ny­şyk­ly mag­lu­mat­la­ry öw­re­nip bol­ýar.
Al­tip­la­no. Al­tip­la­no­nyň aňyr­sy-bär­si gö­rün­me­ýän be­lent­lik­le­rin­de ýe­ral­ma­nyň ýer­li gör­nüş­le­ri­niň ýüz­ler­çe­si ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. So­wuk ho­wa şer­ti bo­lan Al­tip­la­no­nyň ila­ty ýe­ral­ma ha­sy­ly­ny çu­no usu­lyn­da uzak wagt­lap sak­la­ýar.
Pe­ru­nyň paý­tag­ty Li­ma şä­he­rin­de Hal­ka­ra ýe­ral­ma mer­ke­zi­niň (In­ter­na­tio­nal Po­ta­to Cen­ter, CIP) eda­ra­sy ýer­leş­ýär. Bu göz­leg mer­ke­zin­de ýe­ral­ma­nyň ge­ne­tik dür­lü­li­gi­ni go­rap sak­la­mak, azyk howp­suz­ly­gy we ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne gar­şy gö­reş­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. CIP dün­ýä­dä­ki iň uly ýe­ral­ma ge­ne­ti­ka­sy­ny öw­ren­ýän mer­kez ha­sap­lan­ýar.
Ta­ry­hy
Ýe­ral­ma­ny il­kin­ji bo­lup Pe­ru­da ýa­şan in­ki hal­ky me­de­ni gör­nü­şe ge­tir­ýär­ler. Ti­ti­ka­ka kö­lü­niň ke­na­ryn­da, And dag­la­ryn­da mes­gen tu­tan bu halk çu­no usu­ly ar­ka­ly ýe­ral­ma­ny 10 ýy­la çen­li sak­lap bi­lip­dir­ler. In­ki­ler ýe­ral­ma­ny şi­ke­si be­jer­mek­de, has­sa­ny aýa­ga gal­dyr­mak­da gud­rat­ly iý­mit hök­mün­de ula­nyp­dyr­lar. Ýe­ral­ma­nyň dün­ýä ýaý­ra­magy XVI asyr­da is­pan­la­ryň de­ňiz ýol­la­ry ar­ka­ly And dag­la­ry­na ara­laş­ma­gy bi­len baş­lan­ýar. Is­pan­lar ýe­ral­ma­nyň me­de­ni­leş­di­ri­len gör­nüş­le­ri­ni ýa­ny bilen alyp gaý­dyp, Ýew­ro­pa ge­tir­ýär­ler. Il­ki­baş­da geň gör­len bu bak­ja önü­mi wag­tyň geç­me­gi bi­len hal­klaryň esa­sy iý­mit­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rül­ýär. 1600-nji ýyl­lar­dan soň Ýew­ro­pa­da ýe­ral­ma bi­len bag­la­ny­şyk­ly bir­nä­çe seç­gi­çi­lik iş­le­ri ge­çi­ril­ýär. 1800-nji ýyl­la­ryň ahy­ryn­da ýe­ral­ma­nyň hä­zir­ki wagt­da iň köp ula­nyl­ýan sor­ty – rus­set ýe­ral­ma­sy dö­re­dil­ýär. Ýe­ral­ma dün­ýä­de iň mö­hüm dör­dün­ji iý­mit ha­sap­lan­ýar. Ýe­ral­ma­nyň Ýer ýü­zü­ne ýaý­ra­ma­gy na­har taý­ýar­la­ma­gyň usul­la­ry­ny hem baý­laş­dyr­ýar.
Peý­da­sy
Ýe­ral­ma ýo­kum­ly mad­da­lara baý gök-bak­ja önü­mi bo­lup, im­mu­ni­tet, ýü­rek we iý­mit siň­di­riş agzalary üçin örän peý­da­ly­dyr. Dü­zü­min­de B6, C wi­ta­mi­ni, ka­liý, sü­ýüm ýa­ly mad­da­la­ry sak­la­ýan ýe­ral­ma ber­hiz sak­la­ýan­la­ryň esa­sy iý­mi­ti­niň bi­ri­dir. Ýe­ral­ma öý­jük­le­riň ös­me­gin­de, beý­ni­niň iş­jeň­li­gin­de we nerw ul­ga­my­nyň işin­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lup, gan ba­sy­şy­ny ka­da­laş­dyr­ma­ga, in­sult how­pu­ny azalt­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Iý­mit siň­di­riş ul­ga­myn­dan ejir çek­ýän adam­la­ra gaý­na­dy­lan ýe­ral­ma iý­mek mas­la­hat be­ril­ýär. Çün­ki ýe­ral­ma­nyň dü­zü­min­dä­ki sü­ýüm aş­ga­zan we içe­ge ýol­la­ry­ny di­kelt­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Ýe­ral­ma­da gan­da­ky şe­ke­riň de­re­je­si­ni ka­da­laş­dyr­ma­ga ýar­dam ed­ýän krah­mal sak­lan­ýar. Ýe­ral­ma­ny gaý­na­dyp ýa-da bug­lap bi­şir­mek go­wur­mak­dan has peý­da­ly bo­lup, peý­nir ýa-da gaý­mak go­şu­lan­da ýo­kum­ly­ly­gy has-da art­ýar. Dün­ýä­de her ýyl 375 mil­li­on ton­na ýe­ral­ma ha­sy­ly alyn­ýar. Ýe­ral­ma ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek­de Hy­taý, Hin­dis­tan, Rus­si­ýa, ABŞ, Ger­ma­ni­ýa, Bang­la­deş, Pa­kis­tan we Pe­ru ýa­ly ýurt­lar öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Ýe­ral­ma­ny iň köp iý­ýän halk belaruslar bo­lup, adam ba­şy­na her ýyl 180 ki­log­ram ýe­ral­ma düş­ýär.