Ýewropa Bileleşigine dalaşgär döwletleriň sanawy tassyklandy

180

Ýewropa Bileleşigi öz düzümine girmäge dalaşgär ýurtlary jemi 14,2 milliard ýewro bilen maliýeleşdirmek barada ýedi ýyllyk meýilnamany tassyklady. Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşiniň ýaýradan beýanatynda bu barada habar berildi. ÝB-e girmezden ozal maliýe kömegini aljak döwletleriň sanawyna Albaniýa, Bosniýa we Gersegowina, Çernogoriýa, Demirgazyk Makedoniýa, Serbiýa, Türkiýe we Kosowa degişlidir. Ýurtlaryň ÝB-niň agzalygyna girmek üçin anyk seneler görkezilmeýär. Bilermenler ady agzalan döwletleriň 2027-nji ýyldan bärde Ýewropa Bileleşiginiň düzümine girip bilmejekdigini aýdýarlar.