Ýewropada maglumat merkezlerini açar

100

Hy­ta­ýyň jem­gy­ýet­çi­lik med­ýa­sy kom­pa­ni­ýa­sy bo­lan “Tik­Tok” Ýew­ro­pa­da iki sa­ny mag­lu­mat mer­ke­zi açar. Kom­pa­ni­ýa­nyň Ýew­ro­pa­da­ky amal­la­ryn­dan jo­gap­kär mü­di­ri Riç Wa­ter­wort Ýew­ro­pa­da mag­lu­mat sak­la­ýan möç­be­ri­ni gi­ňelt­mek is­le­ýän­dik­le­ri­ni mä­lim et­di. “By­te­Dance”-yň eýe­çi­lik ed­ýän “Tik­Tok” prog­ram­ma­sy soň­ky ýyl­lar­da köp ýurt­da meş­hur bol­dy. Wa­ter­wort ge­çen ýyl şeý­le des­ga­nyň il­kin­ji­si­ni gu­rul­jak­dy­gy­nyň aýan edi­len­di­gi­ni, ikin­ji des­ga­nyň Ir­lan­di­ýa­da gu­rul­ma­gy üçin mak­sat­na­ma taý­ýar­la­ýan­dyk­la­ry­ny aýt­dy.
Kom­pa­ni­ýa Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne ag­za ýurt­lar­da ge­çen ýy­lyň aw­gus­tyn­dan şu ýy­lyň ýan­wa­ry ara­ly­gyn­da 125 mil­li­on iş­jeň ula­ny­jy­sy­nyň bar­dy­gy­ny bel­le­di.
2012-nji ýyl­da dö­re­di­len “By­te­Dance Ltd.” teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy­nyň dün­ýä­niň dür­li ýer­le­rin­de 130 müň tö­we­re­gi iş­gä­ri bar.

Ba­har Ary­po­wa, Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.