13-nji iýul­da ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry we or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­ne da­laş­gär­ler­den res­mi­na­ma­lar ka­bul edi­lip baş­lan­dy.
10-njy iýul­da şu ýy­lyň al­ty aýy­nyň jem­le­ri­ne ba­gyş­la­nyp ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de hor­mat­ly Prezidentimiz de­giş­li Buý­ru­ga gol çe­kip, 2026-njy ýyl­da we­la­ýat­lar, Aş­ga­bat we Arkadag şä­he­rleri bo­ýun­ça Türkmenistanyň ýo­ka­ry okuw we or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­ne oku­wa ka­bul et­me­giň me­ýil­na­ma­sy­ny tas­syk­la­dy. Şol res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, ýo­ka­ry we or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­ne oku­wa ka­bul et­me­gi 13-nji iýul – 24-nji aw­gust ara­ly­gyn­da gu­ra­mak hem-de oku­wa ka­bul et­mek bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry­ny ýo­ka­ry we or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­niň ýer­leş­ýän ýe­rin­de ge­çir­mek bel­le­nil­di. Şeý­le hem hor­mat­ly Prezidentimiz de­giş­li döw­let to­pa­ry­nyň dü­zü­mi­ni tas­syk­la­dy, oňa oku­wa ka­bul et­mä­ge gu­ra­ma­çy­lyk–usu­ly­ýet taý­dan ýol­baş­çy­lyk et­mek hem-de onuň bel­le­nen ter­tip­de ge­çi­ril­me­gi­ni gu­ra­mak tab­şy­ryl­dy. Şeý­le hem we­la­ýat­la­ryň, Aş­ga­bat we
Ar­ka­dag şä­her­le­ri­niň hä­kim­lik­le­ri bu okuw mek­dep­le­ri­ne ka­bul et­mek bo­ýun­ça iş to­par­la­ry­nyň ta­la­ba­la­ýyk iş­le­me­gi üçin ze­rur şert­le­ri dö­ret­mä­ge borç­ly edil­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň öň­de go­ýan bu we­zi­pe­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň çäk­le­rin­de ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry we or­ta hü­när okuw mek­dep­le­rin­de da­laş­gär­ler­den res­mi­na­ma­la­ry ka­bul et­mek bo­ýun­ça möw­süm baş­lan­dy, onuň öň ýa­nyn­da ýaş­la­ryň ara­syn­da gi­ňiş­le­ýin mag­lu­mat be­riş iş­le­ri ge­çi­ril­di. My­sal üçin, or­ta mek­dep­le­riň uçu­rym­la­ry üçin ýö­ri­te te­le­gep­le­şik­ler hem-de met­bu­gat­da ha­bar­lar ar­ka­ly ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry we or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri ba­ra­da gür­rüň be­ril­di hem-de olar­da «Açyk ga­py­lar» gün­le­ri ge­çi­ril­di.
2026 – 2027-nji okuw ýy­lyn­da ýaş­la­ryň 18 müň­den gow­ra­gy ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­ly­by bo­lar, mu­nuň özi ge­çen ýy­lyň de­giş­li gör­ke­zi­ji­sin­den 1 müň 239 adam köp­dür. Ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de tä­ze hü­när­le­riň we taý­ýar­ly­gyň ugur­la­ry­nyň je­mi 20-si açy­lar.