24-nji iýulda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew mekdep harytlarynyň satuw-söwdasyny guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda okuwçylar we talyplar üçin zerur bolan harytlaryň söwdasyny guramak babatda degişli işler geçirilýär. Söwda nokatlarynda okuw esbaplaryny we beýleki dokma önümlerini ilatymyza hödürlemek göz öňünde tutulýar. Wise-premýer şu ýylyň 1-nji awgustyndan başlap mekdep harytlarynyň satuw-söwdasyny ýurdumyzyň welaýatlarynda we etraplarynda, Aşgabat, Arkadag şäherlerinde guramagyň teklip edilýändigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ilatymyzyň dürli görnüşli mekdep harytlaryna bolan isleglerini öwrenip, täze okuw ýylyna taýýarlyk bilen bagly göçme söwda nokatlaryny guramagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.