UEFA Çempionlar Ligasynda PSŽ – “Liwerpul” duşuşygyndaky ýaky şeýle netije Lissabonda-da hasaba alyndy. “Benfika” öz meýdançasynda “Barselona” bilen duşuşyp, garşydaşynyň 1 oýunçy kem galandygyna garamazdan, ýeňlişe sezewar boldy. Oýnuň 22-nji minutynda katalonlaryň goragçysy Kubarsä germaniýaly emin Feliks Swaýer gyzyl kart görkezdi. Şondan soň ýer eýeleriniň yzygiderli hüjümleri başlandy. Ýöne olara derwezeçi Woýçeh Şensnyny geçmek başartmady. 15 urgy geçiren “benfikaly” futbolçylaryň 8 takyk urgusyny derwezeçi Şensnyý sowmagyň hötdesinden geldi.

Duşuşygyň 61-nji minutynda ýer eýeleriniň goragçylarynyň gödek ýalňyşlygyndan peýdalanan Rafinýa topy jerime meýdançasynyň daşyndan ýerden batly urgy bilen derwezä girizdi. Galan minutlarda-da “Benfika” toparyna hasaby deňlemek başartmady. Şunlukda, “Barselona” kynlyk bilenem bolsa Lissabondan ýeňiş bilen dolanyp, çärýek finala çykmak ugrunda uly mümkinçilik gazandy. Çempionlar Ligasynyň taryhynda 2-nji gezek bir topar ilkinji ýarym sagatda 1 oýunçysy gyzyl alandygyna garamazdan, ýeňiş gazanmagy başardy. Mundan öň 2018-nji ýylda “Ýuwentus” 29-njy minutda ýyldyz oýunçysy Kristiano Ronaldonyň gyzyl kart alandygyna garamazdan, “Walensiýany” ýeňipdi.